Top.Mail.Ru

TÜRKMEN DÖWLET ULAG WE ARAGATNAŞYK INSTITUTY

0
46226
Soňky täzelenme:

2018/2019-njy okuw ýyly üçin hünärmenleri taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary (hünärleri) boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär: 
1. Ýerüsti ulagyň tehnikasy we tehnologiýalary (hünärler: awtomobiller we awtomobil hojalygy; awtomobil ulagynda gatnawlary guramak we dolandyrmak; lokomotiwler; wagonlar; demir ýol ulagynda gatnawlary guramak we hereketi dolandyrmak; demir ýol ulagynda awtomatika, telemehanika we aragatnaşyk; demir ýollaryň elektrik üpjünçiligi; portlaryň we ulag menzilleriniň ýükleýiş-düşüriş enjamlarynyň ulanylyşy).
2. Aeronawigasiýa we awiasion hem-de raketa-kosmiki tehnikalaryny ulanmak (hünärler: howa hereketiniň dolandyrylyşy; uçuş enjamlarynyň we hereketlendirijileriň tehniki ulanylyşy; howa gämileriniň awiasion we radioelektron enjamlaryny tehniki taýdan ulanmak; howa ulagynda gatnawlary guramak we dolandyrmak).
3. Gämi gurluşygynyň we suw ulagynyň tehnikasy we tehnologiýalary (hünärler: gämi sürmeklik; gämileriň energetiki desgalarynyň ulanylyşy; gämi gurluşygy).
4. Elektronika, radiotehnika we aragatnaşyk ulgamlary (hünärler: aragatnaşyk torlary we kommutasiýa ulgamlary; köpkanally telekommunikasiýa ulgamlary; radioaragatnaşyk, radioýaýlym we telewideniýe; radioelektron ulgamlary we toplumlary; infokommunikasiýa tehnologiýalary).
5. Maşyngurluşyk (hünär: önümçiligiň we tehnologiýa prosesleriniň awtomatlaşdyrylyşy (aragatnaşyk pudagynda)).
6. Maglumat howpsuzlygy (hünär: telekommunikasiýa ulgamlarynyň maglumat howpsuzlygy).
7. Gurluşygyň tehnikasy we tehnologiýalary (hünärler: köprüler we ulag tonnelleri; demir ýollaryň gurluşygy, ýol we ýol hojalygy; awtomobil ýollarynyň we uçuş meýdançalarynyň gurluşygy).
8. Ykdysadyýet we dolandyryş (hünärler: ulag we aragatnaşyk kärhanalarynda ykdysadyýet we dolandyryş; logistika).
9. Tehniki ulgamlarda dolandyryş (hünär: awtomatika we tehniki ulgamlarda dolandyryş).
10. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (hünär: hasaplaýyş torlarynyň programma üpjünçiligi).
Instituta Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Institutda okuwlar tölegli esasda alnyp barlar.
«Aeronawigasiýa we awiasion hem-de raketa-kosmiki tehnikalaryny ulanmak» ugruna okuwa girýänler uçujy-dispetçer we inžener-tehnik wezipelerinde işleýänler üçin niýetlenen Gollanmanyň düzgünlerine laýyklykda lukmançylyk barlagyndan geçýärler.
Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2018-nji ýylyň 8—22-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
— umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy);
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumy bilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
— şahsy pasportyny;
— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.
Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:
Aşgabat şäheri — iýul aýynyň 25-26-sy, 29-y we 31-i günleri
Ahal welaýaty — iýul aýynyň 27-28-i, 30-y we awgust aýynyň 1-i günleri
Mary welaýaty — awgust aýynyň 2-3-i, 5-i we 7-si günleri
Lebap welaýaty — awgust aýynyň 4-i, 6-sy we 8-i günleri
Balkan welaýaty — awgust aýynyň 9-10-y, 12-si we 14-i günleri
Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 11-i, 13-i we 14-i günleri
Giriş synaglary hünärmenleri taýýarlamagyň ähli ugurlary boýunça matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.
Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:
— saýlan ugry boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;
— çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.
Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň salgysy: Aşgabat ş., Oguzhan köçesi, 13; tel.: 49-35-86, 49-44-21.

 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler