Top.Mail.Ru

7-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

13:3107.08.2024
0
11905

Türkmenistanyň Prezidenti Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň häkimini çalyşdy, türkmen talyplary üçin britan talyp haky maksatnamasyna ýüztutumalaryň kabul edişligi açyldy, Türkmenistanda kämillik ýaşyna ýetmedikleriň pagta ýygymynda işlemegi gadagan edildi we beýleki habarlary

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Begenç Taýyrowy Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň häkimi wezipesine bellemek hakynda Permana gol çekdi. Ol bu wezipede Gurbanmyrat Ýazgulyýewiň ornuna bellenildi.

2. Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy 2025-2026-njy okuw ýyly üçin «Çiwning» («Chevening») talyp haky maksatnamasyna ýüztutmalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi. Beýik Britaniýanyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän bu abraýly talyp haky türkmen talyplaryna britan ýokary okuw mekdeplerinde bir ýylyň dowamynda magistr derejesini almaga mümkinçilik berýär. Maksatnama gatnaşmak isleýänler 5-nji noýabra çenli maksatnamanyň resmi saýtynda elektron sowalnamany doldurmaly.

3. Türkmenistandan talyplar şu ýyl Türk awiasiýa birleşiginiň uniwersitetinde okap başlarlar. Okuw üçin talyplaryň birinji topar «Türkmenistan» awiakompaniýasy bilen Türk awiasiýa birleşiginiň uniwersitetiniň arasynda gol çekilen özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama laýyklykda döredildi.

4. Türkmenistanda Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň 18 ýaşa ýetmedik adamlaryň zähmetiniň pagta ýygymynda ulanylmagyny gadagan edýän buýrugy güýje girdi. Buýruga laýyklykda, ýetginjekler üçin gadagan edilen hünärleriň sanawyna täze iki hünär: pagta ýygymçy we pagtaçy hünärleri goşuldy.

5. Türkmenistanyň wekilleri 9 – 11-nji awgust aralygynda Hytaýyň Sian şäherinde geçiriljek «Ýüpek ýoly Sianda – 2024» atly Halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşarlar. Hytaýyň esasy senagat we medeni merkezi bolan bu şäher gadymy döwürde Hytaýy Merkezi Aziýa döwletleri bilen birleşdirýän Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm nokady bolupdyr.

6. Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi Arkadag şäheriniň ýaşaýjylary üçin ulag serişdeleriniň tehniki barlagyny geçirmegiň hem-de ulag serişdelerini dolandyrmaga hukuk almak üçin hünär synaglaryny geçirmegiň Tertibine üýtgeteleri girizdi. Täze düzgünlere laýyklykda, Arkadag şäherinde hasaba alnan ulag serişdeleri Arkadag şäheriniň Polisiýa müdirliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi bölüminiň awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýan toparynyň işgärleri tarapyndan tehniki barlagdan geçiriler. Ulag serişdelerini dolandyrmaga hukuk almak üçin hünär synaglary barada aýdylanda bolsa, Arkadag şäherinde ýazga alnan ýa-da bolýan ýeri boýunça bellige alnan adamlary synagdan geçirmek Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ahal welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi bölüminiň Bеlligе аlyş we synаg birligi tаrаpyndаn amala aşyrylar.

Dünýäde

1. Merkuriniň retrograd hereketine garamazdan, awgust Esetler, Daluwlar we Hamallar üçin şowlulygyň we täze mümkinçilikleriň aýy bolmagy wada berýär. Astrologiýa pudagyndaky hünärmenler täleýnamanyň bu ýyldyzlary astynda doglan adamlaryň öz mümkinçiliklerini doly açyp, geçen aýda ýüze çykan kynçylyklary ýeňip geçip biljekdigini çaklaýarlar. Esetler üçin awgust başagaý iýuldan soň dikeliş döwri bolar. Olarda gatnaşyklary ýola goýmaga we täze taslamalara başlamaga kömek etjek güýç-kuwwatyň artmagyna garaşylýar. Astrologlar Daluwlara aýyň başynda aragatnaşyga we täze tanyşlyklara ünsi jemlemegi maslahat berýärler. Hamallar üçin awgust şahsy we döredijilik durmuşynda oňyn üýtgeşmeler bilen tapawutlanar.

Sport habarlary

1. Mary şäheriniň «Energetik» futbol topary Türkmenistanyň çempionatynyň üçünji aýlawyna we ýurduň Kubogy ugrundaky ýaryşa gatnaşmaz. Bu barada 2024-nji möwsümiň täzelenen tertibine laýyklykda mälim boldy. Bu kararyň netijesinde, Türkmenistanyň çempionaty we Kubogy Ýokary liganyň sekiz toparynyň gatnaşmagynda dowam eder. Milli çempionatyň üçünji aýlawy 16-njy awgustda «Ahal» bilen paýtagtyň «Aşgabat» toparynyň arasyndaky oýun bilen başlar.

2. «Arkadag» futbol topary Rumyniýadaky okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäklerinde synag duşuşyklarynyň bäşisini geçirdi. Şolaryň dördüsinde ýeňiş gazandy we bir duşuşykda ýeňildi. Möwsümiň birinji ýarymyndan soň «Arkadag» iň ýakyn yzarlaýjylary «Altyn asyrdan» we «Ahaldan» öňe geçip, 48 utuk bilen Ýokary ligada ynam bilen öňdeligi eýeleýär. Bu möwsüm «Arkadag» ilkinji gezek AFK-nyň Çagyryş ligasyna gatnaşar. Bu ýaryşyň toparçalaýyn tapgyrynyň bije çekişligi 22-nji awgustda geçiriler.

3. Serdar Azmun BAE-niň «Şabab Al-Ahli» toparyndaky birinji duşuşygynda ilkinji goluny geçirdi. Bu gol AFK-nyň Elita Çempionlar ligasyna gatnaşmak üçin saýlama ýaryşyň çäginde Eýranyň «Sepahan» topary bilen geçirilen duşuşykda hasaba alyndy. Duşuşykda «Şabab Al-Ahli» goşmaça wagtda garşydaşyndan 4:1 hasabynda üstün çykdy. Gazanylan ýeňiş netijesinde «Şabab-Al-Ahli» saýlama ýaryşyň indiki tapgyryna çykdy we 13-nji awgustda Kataryň «Al-Garafasy» bilen duşuşar. Bu duşuşygyň ýeňijisi ýaryşyň toparçalaýyn tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanar.

4. Türkmenistanly ýaş tennisçi Sabrina Rahmanowa 5-nji awgustda Almatyda badalga alan ýetginjekleriň arasynda abraýly «Roland Garros» ýaryşynyň saýlama tapgyryndaky çykyşyna başlady. Rahmanowa guramaçylaryň «Wild Card» maksatnamasy netijesinde öz ýurduna wekilçilik etmek üçin ajaýyp mümkinçilik aldy. Bäsleşige Türkmenistandan, Gazagystandan, Özbegistandan, Eýrandan, Gyrgyzystandan, Iordaniýadan we Liwandan türgenler gatnaşýarlar. Rahmanowa «A» toparçada çykyş eder, bu ýerde onuň garşydaşlary Gazagystandan Sofiýa Isakowa we Ewelina Balaganskaýa, şeýle hem Özbegistandan Emili Kim boldy. Bu ýaryş 9-njy awgusta çenli dowam eder we sebitdäki ýaş zehinleriň haýsysynyň abraýly «Uly tuwulga» ýaryşyna gatnaşmak üçin bäsleşigi dowam etdirmek mümkinçiligine eýe boljakdygyny kesgitlär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň