Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri Ýaşar Güler bilen duşuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda iki doganlyk ýurduň arasynda goranmak ulgamynda alnyp barylýan gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, hususan-da, sanly tehnologiýalar boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşykda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň ýörelgelerine üýtgewsiz eýerýändigi bellenildi.
Türkiýe bilen bu ugurda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi barada aýdyldy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar ýola goýlan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Ozal Türkmenistanyň Prezidentiniň we Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri bilen duşuşyklarynyň bolandygyny habar beripdik.

