Türkmen wekiliýeti BSG-ä girmek boýunça Gruziýanyň tejribesini öwrenýär

22:1929.05.2024
1
9701

Tbilisi şäherinde türkmen wekiliýetiniň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) girmek boýunça gepleşikleri geçirmekde öňdebaryjy tejribäni öwrenmäge hem-de milli söwda syýasatyny ösdürmäge bagyşlanan tanyşlyk sapary dowam edýär. Bu sapar 27-nji maýdan 31-nji maýa çenlidir, sapar ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkezi bilen bilelikde guralýar.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzüminde Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Adalat ministrliginiň, Merkezi bankyň, Döwlet gümrük gullugynyň hem-de beýleki edaralaryň wekilleri bar. Saparyň dowamynda türkmen tarapy Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň, Salgyt gullugynyň hem-de Gümrük departamentiniň hünärmenleri bilen duşuşyklary geçirdi.

Duşuşyklaryň barşynda ykdysadyýet we söwda pudagyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar, BSG-ä agza bolmak prosesi, bu gurama goşulmak bilen baglanyşykly wezipeler we borçlar ara alnyp maslahatlaşyldy. Gümrük amallaryny döwrebaplaşdyrmaga we ýönekeýleşdirmäge, şeýle hem BSG-ä agzalygyň çäklerinde salgyt özgertmelerine aýratyn ähmiýet berildi.

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýa döwletine tanyşlyk sapary dowam edýär. Ýurt bu günki günde global söwda ulgamyna integrasiýanyň ýolunda hyzmatdaşlaryň tejribesini öwrenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň