Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary kesgitlenildi

15:0814.05.2024
1
11440

«Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň 30 ýyllyk hyzmatdaşlygy: geljek üçin bilelikdäki tagallalar» atly maslahatyň ilkinji mejlisinde türkmen tarapy Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny mälim etdi. Bu barada «News Central Asia» internet neşiri habar berýär.

Bu çäre ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Terri Hakalanyň Türkmenistana amala aşyran saparynyň çäginde bolup geçýär. Çeşmäniň bellemegine görä daşary işler ministri Raşid Meredow we hanym Terri Hakala açylyşda çykyş etdiler hem-de ÝB-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň başlygy Beata Peksaň sowallaryna jogap berdiler.

Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary baradaky sowala Raşid Meredow dürli pudaklarda mümkinçilikleri ýokarlandyrmagyň möhümdigini aýtdy. Esasy ileri tutulýan ugurlar, biri-biri bilen ýakyn baglanyşykly bolan ählumumy, sebit we milli howpsuzlykdyr.

Daşary işler ministri Türkmenistanyň elmydama ählumumy parahatçylygyň we howpsuzlygyň tarapdarydygyny nygtady. Ýurt bu ugurda tejribe alyşmak we hyzmatdaşlyk etmek isleýär hem-de öz mümkinçiliklerine görä terrorçylyga, transmilli jenaýatçylyga we neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşde öz goşandyny goşýar.

Mundan başga-da, Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky hyzmatdaşlykda ýaşyl energetika, sirkulýar ykdysadyýet, ulag we daşky gurşawy goramak geljegi uly ugurlaryň hataryna girýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň