Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda tebigy gazyň çykarylýan möçberleri artdyrylýar

03:4316.03.2024
0
20387

Şu gün geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak üçin, ilkinji nobatda, gory boýunça dünýäde öňdäki orny eýeleýän «Galkynyş» gaz känini özleşdirmek boýunça «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan netijeli işler alnyp barylýar.

Şunuň bilen baglylykda, «Türkmengaz» döwlet konserni döwrebap enjamlaryň we serişdeleriň kömegi bilen degişli känlerde ulanyş-baha beriş guýulary gazylyp, senagat taýdan ähmiýetli bolan kükürtsiz gaz akymlary alyndy.

Şeýle hem «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan geljek ýyllarda hem nebitgaz ýataklaryny gözlemegiň we özleşdirmegiň hasabyna gaz känlerinde gysga wagtda tebigy gazyň goşmaça möçberlerini çykarmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy düzüldi. Şunuň bilen baglylykda, ulanyş-baha beriş guýularynyň buraw işlerine girişildi.

Mundan başga-da, täze burawlanýan gaz guýularynyň ýer üsti gurluşyk işlerini ýerine ýetirmek üçin zerur bolan maddy-tehniki enjamlary bilen üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk hem netijeli dowam etmegiň wajypdygyny belläp, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň