Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Pakistan TOPH taslamasyny durmuşa geçirmek üçin möhüm ädim ätdi

16:4528.11.2023
0
15185
Pakistan TOPH taslamasyny durmuşa geçirmek üçin möhüm ädim ätdi
Surat: oilgas.gov.tm

Pakistanyň Hökümeti Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçiriji taslamasyny höweslendirmek üçin aýratyn artykmaçlyklaryň berilýändigini mälim etdi. Bu barada «Realtorspk» habaryna berdi.

«Pakistan TOPH taslamasy boýunça kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň çäginde kabul edilen ozalky borçnamasyna laýyklykda strategiki ädim ätdi» diýlip, habarda bellenilýär.

Habarda bellenilmegine görä, Pakistanyň energetika we nebit ministri Muhammet Alynyň ýolbaşçylygyndaky Energetika komiteti taslama babatda birnäçe eglişige rusgat bermek çözgüdi tassyklady.

Çözgüde laýyklykda Pakistanyň kabul ediji ýurduň şertnamasynyň halkara kadalarda bellenilen birnäçe artykmaçlyklaryndan boýun gaçyryp, beýleki taraplaryň bähbidine eglişik etmegine garaşylýar. Şunuň bilen baglylykda, Pakistanyň Hökümeti ýakyn wagtda gol çekiljek kabul ediji ýurduň şertnamasynyň (Host Government Agreement – HGA) çäginde «TAPI Pipeline Company Limited» (TPCL) konsorsiumyna ýörite artykmaçlyklary we ygtyýarlyklary bermäge taýyn. Bu artykmaçlyklar ýörite saparlar, maýa goýumlaryny goramak we tassyklamak ýaly möhüm taraplary öz içine alar.

Çeşme bu wakany «sebitdäki energetika howpsuzlygyna we ykdysady hyzmatdaşlyga goşant goşýan TOPH gaz geçiriji taslamasyny durmuşa geçirmekde möhüm ädim» diýip häsiýetlendirýär.

Ýeri gelende bellesek, TOPH gaz geçirijisiniň türkmen bölegi 200 kilometrden gowrak bolup, onuň gurluşygyna 2015-nji ýylda başlanyp, ol häzirki wagtda doly taýýar edildi.

Taslamanyň indiki tapgyrynda gaz geçirijiniň 1639 kilometre barabar owgan we pakistan böleginiň gurluşygyny başlamak boýunça işler alnyp barylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň