Kädi, şugundyr we kelem güýzde adam bedeni üçin iň peýdaly gök önümlerdir. Bu barada russiýaly berhiz lukmany Ýelena Tihomirowa gürrüň berdi diýip, «Izwestiýa» neşirine salgylanýan «MIR 24» ýazýar.
Kädi ilkinji nobatda düzüminde kletçatkalaryň köpdügi üçin peýdalydyr. «Kädiniň 100 gramynda A ýokumynyň bir gije-gündizlik möçberi bar, ol gormonlary işläp çykarmakda, şeýle-de göreç hem immunitet üçin peýdalydyr» diýip, lukman düşündirdi.
Şugundyryň esasy gymmatlylygy düzümindäki antosianlardyr, olar bedene erkin radikallar bilen göreşmäge kömek edýär, stresiň güýçlenmegine ýol bermeýär we garramagy haýalladýar.
Kelem barada aýdylanda, onuň ähli görnüşlerinde zenanlaryň saglygy üçin ýokumly maddalar köpdür. Ak kelemdäki U ýokumy nemli ýaralary bitirmäge ukyplydyr, kelem şeýle hem gastrite we aşgazan ýarasyna garşy peýdalydyr diýip, berhiz lukmany gürrüň berdi.