Soňky habarlar

Arhiw

Oleg Kononenko nobatdaky gezek kosmosa çykar, Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar güni bellenilýär, agyr atletika boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy dünýä çempionatyna taýýarlanýar we beýleki habarlar

11:1501.09.2023
0
27629

Türkmenistanda

1. «MKS-70/71» ekspedisiýasynyň serkerdesi Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenko ýakyn wagtda deslapky uçuş taýýarlyklaryny tamamlamak üçin Baýkonur kosmodromyna barar. Kosmonawtlar kosmosa gitmeginiň öňüsyrasynda däp boýunça ýakynlary we dost-ýarlary tarapyndan ugradyldylar. «MKS-70/71» ekspedisiýasy wakalara baý boljakdygyny wada berýär. Oleg Kononenkonyň bellemegine görä, 60-dan gowrak ylmy tejribe geçirmek meýilleşdirilýär, şol sanda 7 sany täze tejribe geçiriler. 4 gezek açyk kosmosa çykmak meýilleşdirilýär. Öňümizdäki günlerde «MKS-70/71-iň» ekipažy gönüden-göni Baýkonur kosmodromynda tälim alarlar. «Soyuz MS-24» kosmos gämisiniň uçurylyşy 15-nji sentýabrda meýilleşdirilýär.

2. Şu gün Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar güni dabaraly çäreler bilen giňden bellenilýär. Bilim ojaklarynda kakylan ilkinji jaň täze ― 2023-2024-nji okuw ýylynyň başlanýandygyny buşlady. Däp bolşy ýaly, okuwçylar we talyplar üçin ilkinji okuw güni Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasyndaky 27-nji orta mekdepde Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärligine gül goýmak çäreleri bilen başlandy. Täze okuw ýylynyň ilkinji sapagy «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» ady bilen geçildi. 1-nji synpa okuwa barýan çagalara Gahryman Arkadagyň hem-de Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan «Aýdyň gijeler» HJ tarapyndan öndürilen kompýuterler gowşu-ryldy.

3. Türkmenistanyň iki muzeýinden eksponatlar 6-7-nji sentýabr aralygynda Dunhuan şäherinde geçiriljek «Ýüpek ýoly» atly halkara medeni sergisinde görkeziler. Hususan-da, Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň we Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gymmatlyklary sergä çykarylar.

4. «Türkmenawtoulaglary» agentligi Türkmenistanda ilkinji elektrik awtobuslarynyň hereket etjek ugurlarynyň meýilnamasyny paýlaşdy. Hytaýyň «Yutong» kompaniýasy tarapyndan öndürilen bu elektrik awtobuslary Arkadag şäherinde hereket eder. Üç ugur ýola goýuldy – №1, 2 we 3. «Yutong» kompaniýasy tarapyndan öndürilen elektrik awtobuslarynda hiç hili zyňyndylaryň ýokdugyny bellemek gerek. Bu Türkmenistan üçin ekologiýa taýdan arassa ulag serişdelerine geçmekde möhüm ädimdir. Elektrik awtobuslarynyň hereket etjek ugurlarynyň meýilnamasy bilen «Turkmenportal» saýtynda has giňişleýin tanşyp bilersiňiz.

5. Şu gün Türkmenistanda 30-njy sentýabra çenli dowam etjek nobatdaky «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygy badalga aldy. Bu çäre Türkmenistanda 2013-nji ýyldan bäri geçirilýär. Biraýlygyň çäklerinde raýatlaryň ýol hereketiniň düzgünleri babatda bilimlerini artdyrmak, sürüjilik we ýollarda howpsuz hereket etmek medeniýetini wagyz etmek maksady bilen dürli çäreler geçirilýär.

Dünýäde

6. Bişkekdäki klinika merkezinde böwrek çalyşmak boýunça ilkinji üstünlikli operasiýa geçirildi. Gyrgyzystanda bu amal türk lukmanlary tarapyndan amala aşyrylýar. Türkiýeli ýüzden gowrak hünärmen ýerli hirurglary iki ýyllyň dowamynda bu çylşyrymly operasiýanyň ähli inçeliklerini öwrederler. Keselhana iň döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr, böwrek çalyşmak operasiýasynyň bahasy bolsa 10 müň dollara deňdir. Ozal daşary ýurt klinikalarynda şeýle operasiýa geçirmek gyrgyzystanlylara bäş esse gymmat düşýärdi.

7. Bütin dünýä geçen hepdede Ýaponiýada «Fukusima-1» atom elektrik stansiýasyndan radioaktiw maddalardan arassalanan suwuň ilkinji tapgyrynyň Ýuwaş ummanyna akdyrylyp başlanandygy üçin aladalanýar. Ýaponiýanyň premýer-ministri Fumio Kisida ministrler bilen geçirilen duşuşygynda Fukusima prefekturasynyň önümlerini dadyp gördi we şeýlelik bilen, howpsuzlygyny görkezdi. Hökümetiň ýolbaşçysynyň kambaladan taýýarlanan saşimini, okun balygyny, osminogy, şeýle hem şol sebitde ösdürilip ýetişdirilýän tüwini, eti we miweleri dadyp görendigi bellenilýär. Şol bir wagtyň özünde, Kisida hökümetiň Ýaponiýada balykçylyk pudagyny goldamak üçin elinden gelenini etjekdigini aýtdy.

Sport habarlary

8. 4-nji sentýabrda Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Riýadda agyr atletika boýunça 88-nji dünýä çempionaty başlanar. 17-nji sentýabra çenli dowam etjek ýaryşa 117 ýurtdan 700-den gowrak türgen gatnaşar. Bu dünýä çempionaty Parižde 2024-nji ýylda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama ýaryşlaryň biridir. Er-Riýadda türkmen agyr atletikaçylary saýlama ýaryş üçin utuklary gazanyp, Oýunlara gatnaşmak üçin ýollanma alyp bilerler. Er-Riýadda geçiriljek dünýä çempionaty üçin Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzümine 15 türgen, şol sanda Tokio Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalynyň eýesi Polina Guryýewa we 2018-nji ýylyň dünýä çempiony Ýulduz Jumabaýewa girýär. Türkmenistanyň Milli agyr atletika federasiýasynyň tälimçileri we ýolbaşçylary Saud Arabystanynda geçiriljek dünýä çempionatynda öz türgenlerine uly umyt baglaýarlar.

9. Halkara Futbol federasiýasy (FIFA) zenanlaryň milli ýygyndy toparlarynyň täzelenen sanawyny tanyşdyrdy. Taryhda ilkinji gezek Şwesiýa sanawda birinji ýeri eýeledi, ondan soňky orunda 2023-nji ýylda zenanlaryň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda ýeňiji bolan Ispaniýanyň milli ýygyndysy barýar, üçünji ýerde bolsa ABŞ-nyň topary orun aldy. Kamil Mingazowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň milli ýygyndysy bir basgançak ýokary galdy we Gabon bilen Liwanyň milli ýygyndylarynyň arasynda, 136-njy orunda ýerleşýär.

10. Monakoda Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň bije çekişligi geçirildi. Bu möwsüm ýaryşyň finaly 1-nji iýunda Londonda «Wembli» stadionynda geçiriler. Ýetip gelýän Çempionlar ligasyna gatnaşyjy toparlar kimler bilen garşydaş boljakdyklaryny bildiler. Esasan hem «F» toparça tapawutlanýar, onda «PSŽ», Dortmundyň «Borussiýa» topary, «Milan» we «Nýukasl» güýç synanyşarlar. Ýaryşyň toparlaýyn tapgyry 19-20-nji sentýabrda badalga alar, pleý-off oýunlary 2024-nji ýylyň fewral aýynda başlar.

11. Monakoda geçirilen bije çekişlikden soň, geçen Ýewropa möwsüminiň esasy oýunçylary sylaglandy. «Mançester Siti» toparynyň norwegiýaly hüjümçisi Erling Holand iň gowy oýunçy baýragyny aldy, onuň tälimçisi ispaniýaly Hosep Gwardiola bolsa iň gowy tälimçi diýlip saýlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň