Şu gün Türkmenistanda badalga alýan «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygy guramaçylykly geçirmek maksady bilen, ýurduň ministrlikleri, pudak edaralary hem-de jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýörite meýilnama taýýarlanyp, anyk wezipeler kesgitlendi.
Şulardan ugur alnyp, ýol hereketiniň düzgünleri boýunça ýurduň dürli künjeklerinde ilat arasynda düşündiriş sapaklarydyr wagyz-nesihat işlerine giň gerim berler. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýörite gepleşikler, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikler, makalalar, wideorolikler taýýarlanyp halk köpçüligine ýetiriler. Bilim edaralarynda, kärhanalarda, guramalarda ýol hereketiniň kadalary, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak bilen baglanyşykly öwüt-ündew çäreleri geçiriler.
Habarda bellenilişi ýaly, biraýlygyň dowamynda ýaşlaryň arasynda ýol hereketiniň howpsuzlygyna bagyşlanan döredijilik bäsleşikleri, ýol hereketiniň howpsuzlyk kadalaryny çagalykdan öwretmek maksady bilen, bilim edaralarynda terbiýelenýän körpeleriň arasynda dürli oýunlar guralar.
Umumybilim berýän orta mekdeplerde «Ýol hereketiniň howpsuzlygyny berjaý edeliň!» atly ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmegi ýatladyjy diwarlyklar çykarylar, sport mekdeplerinde bolsa ýol hereketiniň kadalary bilen baglanyşykly wagyz-nesihat çäreleri geçiriler.