ABŞ-da suwasty sazlaryň her ýylky festiwaly nobatdaky gezek geçirildi. Florida-Kis deňiz goraghanasynyň çägindäki Loo-Ki suwasty gaýalarynda guralan dürli öwüşginli şowhuna ýüzlerçe adam ýygnandy diýip, «Habar 24» ýazýar.
Dabaranyň esasy maksady suwasty merjen gaýalary gorap saklamagy goldamakdyr. Şowhunda ýaňlanan aýdym-sazlar suwuň astynda suw geçirmeýän ses güýçlendirijiler arkaly eşitdirildi.
Şol bir wagtda saz arakesmelerinde tomaşaçylara merjen gaýalaryny goramagyň bähbitleri barada wagyz-ündew edildi. Baý köpgörnüşliligi üçin merjen gaýalaryny deňziň tropiki tokaýlary diýip ýöne ýere atlandyrmaýarlar.

