Soňky habarlar

Arhiw

Gonkong neşiri Ruslan Mingazow bilen söhbetdeşligi çap etdi

11:2506.06.2023
0
19366

Gonkongyň «Ming Pao Daily» gazeti öz sahypalaryndan türkmenistanly ýarym goragçy Ruslan Mingazow bilen uly söhbetdeşlige orun berdi.

Bu söhbetdeşlikde Gonkongyň çempionatynyň geçen möwsüminiň iň gowy futbolçysy we onuň maşgalasy baradaheniz metbugatda paýlaşylmadyk täze maglumatlar berilýär.

Söhbetdeşlikde futbolçynyň maşgalasynyň sungata bolan söýgüsi, futbol bilen maşgala sazlaşygy hem-de futbolçynyň geljek möwsüm üçin meýilleri barada hem gürrüň gozgalýar.

«Turkmenportalyň» Türkmenistanyň futbol ýygynydysynyň baş tälimçisi Mergen Orazow bilen guran söhbetdeşliginden hem mälim bolşy ýaly, Ruslan Mingazow häzir dynç alýar. Şonuň üçin hem Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasynyň çempionaty üçin milli ýygynda hem çagyrylmady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň