Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Aşgabatdan Pekine uçuşlaryň sanyny azaldar, «Türkmengazyň» täze başlygy wezipä bellenildi, 28-nji maýda Türkmenistanda Türkmen halysynyň baýramy dabaraly ýagdaýda belleniler we beýleki habarlar

11:0015.05.2023
0
28163

1. «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat – Pekin ugry boýunça howa gatnawlarynyň sanyny azaldar. 7-nji iýuldan başlap, awiakompaniýa HHR-e hepdede üç gezegiň ýerine hepdede iki gezek – anna we ýekşenbe günleri uçar. Petekler awiakompaniýanyň resmi saýtynda satuwa çykaryldy. Bir tarapa uçmak üçin awiapetegiň 9 müň manada golaýdyr. Goşmaça maglumatlary anyklamak üçin ýolagçylar 085 telefon belgisi boýunça maglumat gullugyna ýüz tutup bilerler.

2. Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçylaryny wezipä belledi. Döwlet Baştutanynyň Permanyna laýyklykda, ozal «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesini eýelän Maksat Babaýew Türkmenistanyň döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy wezipesine bellenildi. «Türkmengazyň» öňki başlygy Batyr Amanow Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň meseleleri boýunça täze wise-premýeri hökmünde bellenilmegi sebäpli bu wezipeden boşadyldy.

3. Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Prezident Serdar Berdimuhamedowy 18-19-njy maýda geçiriljek «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine gatnaşmaga çagyrdy. Ol Hytaýda Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň, şol sanda «Merkezi Aziýa — Hytaý» görnüşinde mundan beýläk-de ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini belledi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň bu çärä gatnaşmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşylýandygyny aýtdy. Sammite Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Liderleriniň hem gatnaşmaklaryna garaşylýar.

4. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet toparynyň düzümini tassyklady. Döwlet Baştutany şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda ýurduň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, bugdaýyň öndürilýän möçberini yzygiderli artdyrmak maksady bilen, degişli Karara gol çekdi.

5. 28-nji maýda Türkmenistanda Türkmen halysynyň baýramy dabaraly ýagdaýda belleniler. Şol gün meýilleşdirilen çäreleriň çäklerinde Türkmen halysynyň milli muzeýinde önümçiligiň öňdebaryjylaryny sylaglamak dabarasy geçiriler. Olara «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly atlar dakylar. Mundan beşga-da, Aşgabatda Türkmen halyşynaslarynyň Bütindünýä jemgyýetiniň XXIII mejlisini geçirmek meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, Türkmen halysynyň baýramy her ýyl maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýär.

6. «Emirates» awiakompaniýasynyň Dubaýa uçýan ýolagçylary 15-nji maýdan başlap, uçuş üçin hasaba alnanlarynda çap edilen münüş talonynyň ýerine ykjam telefonlaryna onuň elektron görnüşini alarlar. Emirlikleriň awiakompaniýasy bu täze düzgün esasynda kagyz galyndylaryny azaltmagy hem-de öz müşderilerine has amatly we çalt hasaba alyş işlerini hödürlemegi meýilleşdirýärBelarus Zimbabwe we Afrikanyň beýleki döwletlerine azyk harytlaryny ýerlemegiň möçberlerini artdyrmagy meýilleşdirýär. Zimbabwe azyk önümlerini ýerlemek hakynda ilkinji ylalaşyklar Belarusyň Prezidenti Aleksandr lukaşenkonyň şu ýylyň başynda bu Afrika döwletine amala aşyran saparynyň çäklerinde gazanylypdy.

7. Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 6-njy tapgyrynda 4 duşuşyk geçirildi. Jemi 15 pökgi tora girizildi. Iň netijeli duşuşyklar Aşgabatda we Maryda geçirildi: «Arkadag» «Nebitçini» 5:0 hasabynda ýeňdi, «Altyn asyr» «Şagadamdan» 4:0 hasabynda üstün çykdy. Maryda ýerli «Merw» topary bilen paýtagtyň «Köpetgadynyň» arasynda netijeli deňme-deňlik hasaba alyndy – 2:2. Çempionatyň häzirki çempiony bu gezek «Aşgabatdan» 2:0 hasabynda asgyn gelip, nobatdaky ýeňlişine sezewar boldy.

Bu tapgyryň netijeleri boýunça çempionatyň sanawynda üýtgeşme bolmady. «Arkadag» 15 utuk bilen birinji orunda barýar.Futbol boýunça Ispaniýanyň çempionatynyň 34-nji tapgyrynda «Barselona» myhmançylykda

8. «Espanýoldan» üstün çykdy. Duşuşyk myhmanlaryň peýdasyna 4:2 hasabynda tamamlandy. Çempionatyň sanawynyň öňüni çekip gelýän «Barselona» 34 duşuşykdan soň 85 utuk toplap, özünden soňky gelýän topardan – Madridiň «Realyndan» ýetip bolmaz derejede ara açdy. Katalonlylar Ispaniýanyň çempionatynyň tamamlanmagyna 4 tapgyr galanda möhletinden öň ýeňiji boldular. «Barsa» taryhynda 27-nji gezek La-Liganyň çempiony boldy.

9. Eýranly Reza Ýazdani erkin göreş boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Ýazdani öz kömekçileri bilen birlikde türkmen göreşçilerini öňümizdäki halkara bäsleşiklere taýýarlamak işine gatnaşar, şolaryň hatarynda Hançjouda geçiriljek tomusky Aziýa oýunlary – 2023 hem-de Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlary – 2024-iň saýlama tapgyrlary bardyr.

10. Türkmen futbolçysy, «Kitçi» toparynyň ýarymgoragçysy ruslan Mingazow Gonkongyň Kubogynyň ýeňijisi boldy. Kubogyň finalynda «Kitçi» «Gonkong Reýnjers» toparyndan 7:1 hasabynda üstün çykdy. Bu baýrak Mingazow üçin möwsümdäki üçünji baýrak boldy: «Kitçi» topary ozal ýurduň çempiony we «Gonkong Senýor Şild» baýragynyň eýesi bolupdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň