Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Magtymgulynyň döredijilik mirasy festiwaly açyldy, Türkmenistana Hytaýdan iki sany teplowoz gelip gowşar, «Daşkent» seýilgähinde aýdymçy Dinara Saparowanyň konserti geçiriler we beýleki habarlar

11:2606.05.2023
0
41487

Türkmenistanda

1. Aşgabatda Gündogaryň beýik şahyrynyň we akyldarynyň 300 ýyllygynyň bellenilmegine ýagyşlanan Magtymgulynyň döredijilik mirasy festiwaly açyldy. «Watan» kinokonsert merkeziniň sahnasynda aýdym-saz toparlary çykyş etdiler. Çykyş edenleriň arasynda Türkmenistanyň halk we at gazanan artistleri hem bar. Ýakyn günlerde Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda festiwalyň sebitleýin tapgyrlary geçiriler.

2. «Daşkent» seýilgähi türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny aýdymçy Dinara Saparowanyň 7-nji maýda Çaýhanada geçiriljek konsertine çagyrýar. «Daşkent» dynç alyş seýilgähi geçen ýylyň oktýabr aýynda Aşgabadyň Magtymguly şaýolunyň ugrunda açyldy. Onuň dizaýnynda özbek arhitekturasynyň bezeg we binagärlik elementleri ulanyldy, Daşkendiň iň meşhur we tanalýan binalarynyň kiçi nusgalary ýerleşdirildi. Konsert 19:30 başlanýar.

3. 2022-nji ýylyň fewralynda gol çekilen şertnamalaryň çäginde Hytaýyň «CRRC Ziyang» kompaniýasy Türkmenistanyň demir ýol operatoryna demir ýol arkaly ýük gatnawlary üçin iki sany teplowoz iberdi. Täze teplowozlar 2023-nji ýylyň maý aýynda getiriler. 2023-nji ýylyň başynda Türkmenistan Hytaý kompaniýasynyň lokomotiwlerini ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün etmek üçin 30 million dollardan gowrak möçberde onlaýn şertnama baglaşdy.

4. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow britan tarapynyň çagyrmagy boýunça Karl III-ä täç geýdirmek dabarasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Londona bardy. London şäheriniň Halkara howa menzilinde gonanda uçaryň ýanynda Türkmenistanyň Prezidentini resmi adamlar garşyladylar. Karl III-ä täç geýdirmek dabarasy şu gün Aşgabat wagty bilen 15:00-da başlanar we 2 sagat dowam eder.

5. Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän Türkmenistanyň Baş konsullygy 2016-njy ýylda Owganystana ynsanperwerlik kömegi hökmünde gurlan Turgundi şäherindäki 20 orunlyk bäbekhananyň çäginde ynsanperwerlik çäresini geçirdi. Ýurduň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Türkmenistan ýakynda bu saglyk merkezini düýpli abatlamak işini tamamlady, şol döwürde ynsanperwerlik kömegi hökmünde owgan tarapyna dermanlar we lukmançylyk maksatly enjamlar gowşuryldy.

6. Aşgabatdaky Rus öýi Ýeňiş baýramynyň öňüsyrasynda 7 ýaşdan başlap çagalar üçin «Ýeňiş salýudyny» çekmek boýunça ussatlyk sapagyna ýazylyşygyň açylýandygyny yglan etdi. Ussatlyk sapagy 10-njy maýda sagat 16:00-da Aşgabatdaky Rus öýünde geçiriler.

Dünýäde

7. Jeki Çan supergahrymanyň keşbini janlandyrmak üçin islendik bir režissýordan çakylyk almagy umyt edýär. Emma ýyldyz tomaşaçylaryň ony şeýle rolda görmäge gyzyklanma bildirjekdiklerine şübhelenýär, sebäbi supergahryman taslamalarynda grafika we ýörite effektler ulanylýar, ol bolsa filmlerdäki tilsimleriniň hemmesini özbaşdak ýerine ýetirýändigi bilen meşhur boldy. «Hatda tehnologiýanyň ösmegi bilenem, Jekiniň hemme zady nädip özüniň edýändigini synlamak olar üçin gyzykly. Olar Jekiniň Möý adamyň ýa-da Supermeniň keşbini janlandyrmagyna tomaşa etmek islemeýärler» diýip, meşhur aktýor belledi we henizem supergahrymanyň keşbini almagy umyt edýändigini nygtady.

8. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň başlygy Tedros Gebreisus jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda adatdan daşary ýagdaýynyň tamamlanandygyny yglan etdi. Şeýle-de ol COVID-19 pandemiýasyny bes etmek hakynda yglan edilen karara «hüşgärligi peseltmegiň sebäbi» hökmünde garalmaly däldigini nygtady.

Sport habarlary

9. Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň Ýokary ligasynyň bäşinji tapgyrynyň meýilnamasy anna güni iki oýun bilen tamamlandy. «Arkadag» myhmançylykda 4:2 hasabynda «Aşgabatdan» üstün çykdy we çempionatyň sanawynda yzyndaky topardan 2 utuk arany açdy. «Nebiçi» Balkanabatda «Energetikden» 3:0 hasabynda üstün çykmagy netijesinde, çempionatyň sanawynda ikinji orna galdy. Penşenbe güni «Köpetdag» Aşgabat derbisiniň çäginde «Altyn asyr» bilen deňme-deň oýnady. «Ahal» myhmançylykda «Şagadamdan» ýeňildi.

10. Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy iýun aýynda okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirer. Topar Mergen Orazowyň ýolbaşçylygynda ýygnanyp, Merkezi Aziýa futbol assosiasiýasynyň Milletler Kubogyna taýýarlyk işlerine başlar. Türkmenistanyň milli ýygyndysy 2023-nji ýylyň iýun aýynda Merkezi Aziýa futbol assosiasiýasynyň ýaryşynda çykyş eder. Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy toparçalaýyn tapgyrda Özbegistanyň, Täjigistanyň we Omanyň toparlary bilen oýnar.

11. Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow Bişkekde FIFA-nyň başlygy Janni Infantinony kabul etdi. Taraplar gyrgyz futbolunyň ösdürmegiň, şeýle hem Gyrgyzystanda futbol düzümini gowulandyrmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Sadyr Žaparow çagalykdan futbol oýnaýandygyny we bu ugurdaky habarlary uly gyzyklanma bilen yzarlaýandygyny aýtdy. Duşuşygyň ahyrynda FIFA-nyň başlygy Gyrgyzystanyň Prezidentine FIFA-nyň resmi pökgüsini we ýörite nyşanyny sowgat berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň