Maý aýynda Türkmenistana iki sany ýük teplowozy getiriler

16:2905.05.2023
0
87899
Maý aýynda Türkmenistana iki sany ýük teplowozy getiriler
Surat: railway-technology.com

3-4-nji maýda Aşgabadyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly II halkara maslahat we sergi üstünlikli jemlendi.

Hytaý Halk Respublikasynyň «CRRC Ziyang CO., Ltd» kompaniýasynyň wekilleri Aşgabatda bolup, ýurduň lokomotiw düzümi bilen ýakyndan tanyş boldular. Kompaniýa tarapyndan şu aýyň içinde ýük teplowozlarynyň 2-siniň Türkmenistana getirilmegi meýilleşdirilýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edilen çykyşda aýdylýar. «CRRC Ziyang CO., Ltd» kompaniýasynyň wekili Si Çen bu barada şeýle diýýär:

— Biziň kompaniýamyz «Türkmendemirýollary» agentligi bilen indi 20 ýyla golaý wagt bäri birnäçe netijeli işleri durmuşa geçirip gelýär. Geçen ýylyň mart aýynda Türkmenistan Hytaý Halk Respublikasynyň «CRRC Ziyang Co., Ltd.» kompaniýasy bilen degişli resminama gol çekişdi. Oňa laýyklykda, Türkmenistana bir ýylyň dowamynda hytaý kompaniýasy tarapyndan öndürilen iki bölekli kuwwatly ýük teplowozlarynyň 15-sini getirmek wezipe edilip goýuldy. Häzirki wagta çenli kompaniýanyň ýük teplowozlarynyň 13-si tapgyrlaýyn esasda Türkmenistana getirilip, olar ýurduň «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň lokomotiw parkyna goşuldy. Şu aýyň içinde bolsa galan ýük teplowozlarynyň 2-siniň getirilmegi meýilleşdirilýär.

Wekiliň aýtmagyna görä, türkmen lokomotiw düzüminiň täze teplowozlar bilen üpjün edilmegi demir ýollarda ýolagçy hem-de ýük gatnawlaryny has-da artdyrmaga ýardam edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň