Soňky habarlar

Arhiw

Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy iýun aýynda okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirer

15:3005.05.2023
1
41584

Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirer. Milli ýygyndy tälimçi Mergen Orazowyň ýolbaşçylygynda Merkezi Aziýanyň futbol Assosiasiýasynyň Milletler kubogyna taýýarlanmak üçin jem bolar.

Mergen Orazowyň «Oriente» beren interwýusynda mälim etmegine görä, okuw-türgenleşik ýygnanyşygy iýun aýynda geçiriler.

«Biz Türkmenistanyň çempionatynyň şu möwsüminde milli ýygynda dalaşgärleriň ýagdaýyny gözden geçirýäris we seljerýäris. Iýun aýynyň başynda bolsa okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirmegi meýilleşdirýäris» diýip, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi gürrüň berýär.

2023-nji ýylyň iýun aýynda Türkmenistanyň milli ýygyndysy Merkezi Aziýanyň futbol Assosiasiýasynyň ýaryşyna gatnaşar. Turnir 11-20-nji iýun aralygynda Bişkek we Daşkent şäherlerinde geçiriler. Ýaryşa Eýranyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Owganystanyň we Omanyň milli ýygyndylary gatnaşar. Türkmenistan bu ýaryşda Özbegistan, Täjigistan we Oman bilen bilelikde «A» toparçadan orun aldy.

CAFA Nations Cup 2023-iň geçiş tertibine laýyklykda, toparçalaýyn tapgyr aýlaw görnüşinde oýnalyp, ol bir aýlawdan ybarat bolar. Toparçalaryň ýeňijileri finalda çempionlyk üçin, ikinji ornuň eýeleri bolsa bürünç medal üçin özara güýç synanyşarlar.

CAFA Nations Cup 2023 Türkmenistanyň milli ýygyndysy üçin DÇ-2026-nyň saýlama oýunlaryna taýýarlanmaga amatly şert döreder.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň DÇ-2026-nyň saýlamasyndaky garşydaşlary şu ýylyň tomsunda çekiljek bijelerden soň belli bolar. DÇ-2026-nyň saýlamasynyň birinji tapgyry 2023-nji ýylyň güýzünde geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň