Turkmenportal logo
05.05.23
4954649546
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Japarow Janni Infantinony kabul etdi
Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Japarow Janni Infantinony kabul etdi

Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Japarow şu gün FIFA-nyň prezidenti Janni Infantinony kabul etdi.


Taraplar Gyrgyzystanda futboly ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.


Duuşşykda Prezident çagalygyndan bäri futbol oýnaýandygyny we futbol bilen bagly habarlary höwes bilen yzarlaýandygyny aýtdy. Onuň aýdyşy ýaly, FIFA-nyň ýaşlary futbola çekmek baradaky taslamasy olar üçin ajaýyp mümkinçilik bolar.


Janni Infantino öz gezeginde FIFA-nyň gyrgyz futbolyny ýene-de goldajakdygyny aýdyp, Yssyk-Köldäki akademiýa we beýleki toparlara ýardam berjekdigini nygtady. Duşuşygyň ahyrynda FIFA-nyň ýolbaşçysy Gyrgyz döwletiniň Baştutanyna futbol topuny we lybasyny sowgat berdi.


Infantinonyň Gyrgyzystanda ozal Täjigistanda, Gazagystanda we Türkmenistanda bolandygyny ýatladýarys.