Soňky habarlar

Arhiw

BSGG koronawirus pandemiýasynyň tamamlanandygyny yglan etdi

19:0905.05.2023
0
32988

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň başlygy Tedros Adanom Gebreýesus «COVID-19» ýokanjy bilen bagly dünýäde 2020-nji ýyldan bäri dowam edip gelýän adatdan daşary ýagdaýyň tamamlanandygyny yglan etdi.

Bu barada ol Ženewada geçen metbugat brifinginde guramanyň hünärmenleriniň gelen netijesine laýyklykda, beýanat berdi diýip, «Euronews.com» ýazýar.

«Men uly umyt bilen ählumumy adatdan daşary ýagdaý hökmünde «COVID-19» ýokanjynyň tamamlanandygyny yglan edýärin» diýip, Gebreýesus belledi.

Häzirki wagtda bütin dünýäde ýokanç bilen bagly ölümiň derejesi görnetin pese gaçdy hem-de ilatda SARS-CoV-2 wirusyna garşy ýokary immunitet kemala geldi.

BSGG-niň hasaplamalaryna görä, koronawirusdan 20 million adam heläk boldy. Ýokanç bilen 765,2 million adam keselledi.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy «COVID-19» keselini pandemiýa diýip, 2020-nji ýylyň 11-nji martynda yglan etdi, ol üç ýyl bir aý we 24 gün dowam etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň