Soňky habarlar

Arhiw

Arkadag şäherinde täze demir ýol menzili we awtomenzil gurlar, Londonyň howa menzili Türkmenistana uçuşlaryň tertibini köpçülige ýetirdi, Serdar Berdimuhamedow Ärdogany doglan güni bilen gutlady we beýleki habarlar

10:5127.02.2023
0
47956

Türkmenistanda

1. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Ahal welaýatynyň edara ediş merkezine iş saparynyň dowamynda Arkadag şäherinden Aşgabada, Awaza çenli aralyga ýokary tizlikli demir ýol şahalaryny gurmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän awtomenziliň we demir ýol menziliniň taslamalary durmuşa geçirilende, halkara derejede bildirilýän talaplardan ugur alynmalydygyny, şäher ilaty we onuň myhmanlary üçin ähli amatlyklar, mümkinçilikler göz öňünde tutulmalydygyny belledi.

2. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdiler.

3. Döwlet hyzmatlar portaly Türkmenistanda otly petekleriniň satuwyny ýola goýdy. Indi kassada nobata durmazlyk üçin Türkmenistanyň döwlet hyzmatlarynyň saýtynda we «EGOVTM» ykjam programmasynda otly peteklerini onlaýn satyn almak mümkindir. Petekler eýýäm «iOS» we «Android» üçin niýetlenen ykjam programmalarda elýeter edildi. Hyzmat «Demirýollary» AGPJ bilen bilelikde işe girizildi. Programmada ähli esasy otly ugurlary üçin petekler bar. Ulanyjylar bahalar, gatnaw meýilnamalary bilen tanşyp we bir tarapa petek satyn alyp bilýärler.

4. Londonyň Stansted howa menzili resmi saýtynda «Türkmen howa ýollarynyň» Aşgabat şäherine howa gatnawlarynyň tertibini ýerleşdirdi. Uçuşlar 2023-nji ýylyň 20-nji martyndan başlar. «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň uçarlary London – Aşgabat ugry boýunça çarşenbe günleri dowamly uçuşlary amala aşyrarlar. Häzirki wagtda Aşgabatdan Lodona uçuşyň bahasy 8,926 manatdan başlanýar. Gaýdyşyn ugur peteginiň bahasy Türkmenistanyň raýatlary üçin 615 dollara deňdir. Petek satuwy Aşgabatdaky Howa gatnawlarynyň baş gullugynda we awiakompaniýanyň daşary ýurtlardaky wekilliklerinde eýýäm ýola goýuldy.

Dünýäde

5. Hytaýly alymlar birnäçe tejribeler arkaly iki gezek gaýnadylan suwuň zyýanlydygy baradaky giňden ýaýran maglumatyň dogrulygyny synag etdiler. Birnäçe gezek gaýnadylan suwuň zyýanlydygy, hatda howpludygy barada köp sanly ynançlar bar. Köp sagatlyk synaglaryň we seljermeleriň netijelerine görä, hatda birnäçe gezek gaýnadylan suwuň hem kabul edilen adaty howpsuzlyk standartlarynyň çägindäki görkezijilere eýe bolýandygy ýüze çykdy. Şeýle suwy içmek zyýansyzdyr, emma her kim birnäçe gezek gaýnadylan suwuň tagamynyň adaty suwuňkydan has pesdigini bilýändir.

6. Ýaponiýada sakura agajy wagtyndan ir gülledi. Kawadzu şäheriniň seýilgähi Günüň dogýan ýurdunyň nyşanlarynyň biriniň güllemegine tomaşa etmäge gelen myhmanlardan doldy. Sakura, iň bolmanda, fewral aýynyň ahyryna çenli güllemegini dowam etdirer. Şäheriň ýaşaýjylary ýapon üljesiniň, takmynan, 850 görnüşiniň gülleriniň şekilinden we ysyndan lezzet alyp bilerler. Ýurtda heniz ýatyrylmadyk kowid çäklendirmelerine we örtük düzgünine garamazdan, gülleýän sakurany görmek isleýänler öňküsi ýaly köp. Adamlar seýilgähe gelýärler, görnüşe tomaşa edýärler we ülje gülleriniň gysga gözelliginden lezzet alýarlar.

Sport habarlary

7. Gonkongyň çempionatynyň 13-nji tapgyrynyň çäklerinde «Kitçi» myhmançylykda «Gonkongy» 3-0 hasabynda ýeňdi. «Kitçi» toparynyň ýarymgoragçysy Ruslan Mingazow ikinji ýarymyň 72-nji minudynda meýdança çykdy we dubl bilen tapawutlandy – türkmenistanly oýunçy oýnuň 74-nji we 84-nji minutlarynda gol saldy. «Kitçi» 36 utuk bilen Gonkongyň çempionatynyň sanawynda birinji orny eýeleýär.

8. Täjigistanly garyşyk söweş sungatlary boýunça türgen Nurullo Alyýew UFC-de ilkinji tutluşygyna çykdy. «UFC Fight Night 220» çempionatynda ol eminleriň köplüginiň karary bilen braziliýaly Rafael Alwesden üstün çykdy. Nurullo Alyýew Duşenbede (Täjigistan) dünýä indi. 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda ol UFC bilen gol çeken ilkinji täjigistanly türgen boldy. 23 ýaşly Aliýew MMA-da 10 ýeňiş gazandy we asla ýeňilmedi. Onuň ilkinji tutluşygy 2018-nji ýylda bolupdy.

9. Germaniýanyň futbol çempionatynyň 22-nji tapgyrynyň duşuşygynda «Baýer» myhmançylykda «Fraýburg» bilen deňme-deň oýnady. Duşuşyk 1:1 hasabynda tamamlandy. Duşuşygyň ilkinji goly 29-njy minutda ýer eýeleriniň ýarymgoragçysy Winçenso Grifo tarapyndan derwezä girizildi. Serdar Azmunyň 67-nji minutda geçiren goly bilen «Baýer» ýeňilmekden halas boldy. Azmun üçin bu gol Bundesliganyň häzirki möwsüminde ilkinji goly boldy.

10. Türkmenistan milli ýygyndysynyň zenan futbolçysy Maýa Musaskaýa Litwanyň «Žalgiris» toparynyň düzüminde ilkinji duşuşygyny geçirdi. Musaskaýa «Wilnýusa» garşy oýunda esasy düzümde meýdança çykdy. Litwanyň klubynda türgen 80-lik belgide oýnaýar. Türkmenistanda doglan zenan futbolçynyň öňki oýnan topary Türkiýäniň «Dudullu spor» toparydy, ol ony 2023-nji ýylyň ýanwar aýynyň ahyrynda terk edipdi. Zenan futbolçy 2022-nji ýylyň güýzünden başlap, Stambul klubynda çykyş etdi, 14 oýna gatnaşdy we 1 pökgi geçirdi. Maýa Musaskaýa Türkmenistandan daşary ýurda oýnamaga çagyrylan ilkinji zenan futbolçydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň