Mingazow «Kitçiniň» «Gonkong» bilen oýnunda ätiýaçdan oýna girip, dubl etdi

22:3326.02.2023
0
28884

Gonkongyň çempionatynyň 13-nji tapgyrynda «Kitçi» myhmançylykda «Gonkong» toparyndan uly hasapda üstün çykdy. Oýun 3:0 hasabynda «Kitçiniň» ýeňşi bilen gutardy.

«Kitçiniň» türkmenistanly ýarymgoragçysy Ruslan Mingazow 72-nji minutda ätiýaçdan oýna goşulyp, 74-nji we 84-nji minutlarda tapawutlanmagy başardy.

Ýeri gelende bellesek, «Gonkong» bilen oýundaky dubly arkaly Mingazow Gonkongyň çempionatynyň şu möwsüminde uran gollarynyň sanyny 14-e ýetirdi. Häzirki wagtda ol ýaryşyň bombardirleriniň arasynda topardaşy Deýan Damýanowiçden soňra ikinji ýerde barýar. Çernogoriýaly Damýanowiçiň hasabynda 15 gol bar.

«Kitçi» häzirki wagtda 36 utuk bilen Gonkongyň çempionatynyň turnir tablisasynda birinji ýerde barýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň