Londonyň «Stansted» howa menzili resmi web sahypasynda «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Aşgabat şäherine uçuşlarynyň tertibini paýlaşdy. Uçuşlar 2023-nji ýylyň 20-nji martynda başlar.
London (STN) — Aşgabat (ASB) — London (STN) howa gatnawy boýunça «Türkmenistan» awiakompaniýasy her hepdäniň çarşenbe güni yzygiderli uçuşlary amala aşyrar.
Londondan Aşgabat şäherine boljak «T5424» ilkinji uçuşy 20-nji martda (duşenbe) ýerli wagt bilen 12:50-de amala aşyrylar.
29-njy martdan «T5422» uçuşy diňe çarşenbe güni bolar. Londondan Aşgabat şäherine uçuş bolsa ýerli wagt bilen 17:50-de bolar.
Häzir Aşgabatdan Londona uçuşyň bahasy 8926 manat bolup, yza gaýdyş petegi Türkmenistanyň raýatlary üçin 615 dollar bolar. Petekleriň satuwy Aşgabatdaky esasy howa gullugynda we awiakompaniýanyň daşary ýurtlardaky ofislerinde eýýäm elýeterlidir.
«Stansted» iňlis graflygynyň Atlsford etrabynda ― Londonyň 48 kilometr golaýynda ýerleşýär.
Aşgabat ― London aralygyndaky uçuş 2020-nji ýylyň mart aýynda wagtlaýyn ýatyrylypdy. Ýöne pandemiýadan ozal Aşgabatdan Birmingeme uçuş amala aşyrylýardy.
Mart aýynda Aşgabat ― Pekin aralygyndaky uçuşyň hem dikeldiljekdigini ýatladýarys.