Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Ärdogany doglan güni bilen gutlady

22:0726.02.2023
0
21532

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana doglan güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.

— Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmeginde Siziň şahsy goşandyňyzy aýratyn bellemek isleýärin. Biz emele gelen ikitaraplaýyn dost-doganlyk gatnaşyklarymyza ýokary baha berýäris we bu hyzmatdaşlygyň geljekde iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirýäris — diýip, türkmen döwletiniň Baştutany gutlag hatynda belleýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Rejep Taýyp Ärdogana berk jan saglyk, bagtyýarlyk we maşgala abadançylygyny, dostlukly ýurduň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we abadançylyk arzuw etdi.

Belläp geçsek, Rejep Taýyp Ärdogan 1954-nji ýylyň 26-njy fewralynda Türkiýäniň Stambul şäherinde dünýä indi. Ol 2014-nji ýylyň 28-nji awgustyndan bäri Türkiýäniň döwlet Baştutanydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň