Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ilçisi Owganystan boýunça Howpsuzlyk geňeşiniň sekretarlarynyň duşuşygyna gatnaşdy, Türkmenistanda Eýranyň Medeniýet günleri geçiriler, fewralyň ilkinji gary we beýleki habarlar

11:4210.02.2023
0
44154

1. Moskwada geçirilen owgan meselesi boýunça howpsuzlyk geňeşleriniň sekretarlarynyň bäşinji köptaraplaýyn duşuşygynda Owganystandaky ýagdaýy düzgünleşdirmäge gönükdirilen halkara howpsuzlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly wekili Batyr Nyýazlyýew wekilçilik etdi.

2. Aşgabatda 12-14-nji fewralda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň çäklerinde çäreler geçiriler. Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy bolar. 13-nji fewralda Şekillendiriş sungaty muzeýinde sergi gurnalar, şeýle hem milli eýran aşhanasynyň tagamlarynyň festiwaly geçiriler. Şol gün Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda Eýranyň sungat ussatlarynyň konserti geçiriler. Mundan başga-da, 13-14-nji fewralda «Aşgabat» kinoteatrynda eýran filmleriniň görkezilişi bolar.

3. Astrahan portunyň ýörite ykdysady zolagynda Türkmenistanyň söwda-logistika merkezini döretmek taslamasy örän giňedi. Astrahan oblastynyň senagat, söwda we energetika ministri Ilýa Wolynskiý «Lotos» teleýaýlymyna beren interwýusynda Türkmenistanyň Hazar deňziniň iri ulag merkezine öwrülip biljekdigini nygtady. Ol: «Gürrüň diňe bir Astrahanyň üsti bilen türkmen harytlarynyň daşalmagy, olaryň Russiýanyň çägine paýlanmagy we degişlilikde, rus harytlarynyň Türkmenistana eksporty barada barmaýar» – diýip belledi.

4. Elektronika we hojalyk tehnikalarynyň dükanlary «Elektronika dünýäsi» hem-de «Samsung» kir ýuwýan maşynlary gaýtadan işlemek boýunça aksiýany ýola goýdular. Türkmenistanyň ýaşaýjylary könelişen kir ýuwýan maşynlaryny tabşyryp, 7, 8 ýa-da 9 kg agramly täze «Ariston», «Indesit» ýa-da «Sharp» haryt nyşanly täze enjamy satyn alanlarynda 2000 manada çenli arzanladyş sowgadyny gazanyp bilerler.

5. 9-10-njy fewral aralygynda türkmen paýtagtynda fewral aýyndaky ilkinji gar ýagdy. Şäherdäki howanyň derejesi -3-e çenli sowady, günüň dowamynda ol ýene iki dereje peseler we ýene az-kem garyň ýagmagyna garaşylýar. Hepdäniň ahyryna çenli howa maýlar, ýagynyň ýagmagyna garaşylmaýar. Şenbe güni 6 gradusa çenli, ýekşenbede +9 maýyl bolar. Şonuň üçin dynç günleri uzak wagtlyk gezelençleri meýilleşdirip bilersiňiz.

Dünýäde

6. “Walt Disney” kompaniýasynda üýtgedip gurmagyň çäklerinde 7 müňe çenli işgäri işden aýyrmak meýilleşdirilýär. Täze “Walt Disney” kompaniýasy üç bölege bölüner: biri film we telewideniýe ulgamynyň mazmunyna jogap berer, ikinjisi – sport gepleşiklerine, üçünjisi bolsa harytlaryň satuwyna we tematik seýilgählere gözegçilik eder. Kompaniýada şeýle uly göwrümli üýtgeşmeleriň çykdajylary 5,5 milliard dollara çenli azaltmaga mümkinçilik berjekdigi hasaplanýar.

7. Germaniýadaky Leýbnis Tebigy önümleriň barlagy we ýokanç keselleriň biologiýasy institutynyň alymlary mikroblara garşy dermanlaryň täze görnüşini döretdiler we ony aktýor Kianu Riwziň hormatyna kianomisin diýip atlandyrdylar.

Sport habarlary

8. Aşgabatly pälwan oturan ýerinden 20 tonna agramly awtobusy çekdi. Dawid Melkumow – Türkmenistandaky iň güýçli adamlaryň biridir. Ol KHBS-iň wekilleriniň gatnaşmaklarynda 120 tonnalyk teplowozy hereket etdirmegi başaran ilkinji adamdyr. Ýakynda Aşgabatda 33 ýaşly pälwanyň nobatdaky görkezme çykyşy boldy. Türgen 20 tonna agramly awtobusy 8 metre süýşürdi. Şol bir wagtyň özünde, ol oturgyçda otyrdy, bu bolsa onuň işini örän çylşyrymlaşdyrýardy. «Turkmenportalyň» okyjylary üçin geçirilen aýratyn söhbetdeşlikde pälwan näme üçin polatdan ýasalan ägirt uly zatlar bilen göreşmegiň ony özüne çekýändigi paýlaşdy, şeýle hem beýlekileriň onuň adatdan daşary güýmenjesine nähili garaýandyklaryny gürrüň berdi.

9. Saud Arabystanynyň çempionatynyň 16-njy tapgyrynda Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu 4 gol geçirmegi başardy. «Al-Nasryň» 38 ýaşly futbolçysy 21-nji, 40-njy, 53-nji we 61-nji minutlarda «Al-Wahda» garşy oýunda tapawulanmagy başardy. Duşuşygyň netijesi boýunça portugaliýaly futbolçy ähli çempionatlarda geçiren gollarynyň umumy sanyny 503-e ýetirdi. Oýnuň dowamynda Ronaldu karýerasyndaky 61-nji het-trikini hem geçirdi. Olardan 51-si – klub derejesinde, 10-sy Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň düzümindedir.

10. Türkmenistanyň wekiliýeti Ýapyk binalarda ýeňil atletika boýunça X Aziýa çempionatyna gatnaşmaga taýyn. Türkmen topary häzir Astanada bolup, ýaryşa 10-njy fewralda başlar. Gazagystanyň MOK-nyň resmi saýtynda habar berlişine görä, Aziýa çempionaty «Gazagystan» ýeňil atletika toplumynyň meýdançasynda geçiriler we üç gün dowam eder. Jemi 500-den gowrak türgeniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň