Soňky habarlar

Arhiw

«The Walt Disney» 7 müň işgärini boşadar we işini üýtgedip gurar

21:0009.02.2023
0
32840

ABŞ-daky iri göwnaçyşlyk kompaniýasy bolan «The Walt Disney Company» özüniň 7 müň işgärini işden boşadar we girdejileri artdyrmak maksady bilen, işini üýtgedip gurar. Bu barada kompaniýanyň ýerine ýetiriji direktory Robert Aýger habar berdi diýip, «Bloomberg» neşirine salgylanýan «Belta.by» ýazýar.

«Disney» kompaniýasynyň başlygynyň sözlerine görä, indiden beýläk kompaniýa üç şahamça bölüner. Birinjisi göwnaçyşlyklar bölümi bolup, ol kino we telewideniýe pudagynda göwnaçyşlyk kontentine jogap berer. Ikinjisi sport gepleşikleri, üçünjisi bolsa tematiki seýilgählere, syýahat gämilerine we sarp ediş harytlaryna gözegçilik eder.

Aýgeriň aýtmagyna görä, işi täzeden guramak kompaniýanyň girdejilerini artdyrmaga hem-de çykdajylary 5,5 milliard dollara çenli kemeltmäge mümkinçilik berer.

«The Walt Disney Company» göwnaçyşlyklar senagatynda iri mediakonglomeratlaryň biri bolup, meşhur Uolt Disneýiň multfilmleri öndürýän studiýasynyň bazasynda döredilendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň