Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen ilçisi owgan meselesi boýunça maslahata gatnaşdy

14:4409.02.2023
0
42946
Türkmen ilçisi owgan meselesi boýunça maslahata gatnaşdy
Surat: scrf.gov.ru

8-nji fewralda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde Howpsuzlyk Geňeşleriniň sekretarlarynyň we Milli howpsuzlyk geňeşçileriniň bilelikdäki owgan meseleleri boýunça bäşinji köptaraplaýyn maslahaty geçirildi.

Oňa Türkmenistandan, Hindistandan, Eýrandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Hytaýdan, Russiýadan, Täjigistan we Özbegistandan howpsuzlyk meselelerine jogapkär ýokary wekiller gatnaşdylar.

Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatndan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Batyr Niýazlyýew wekilçilik etdi.

Russiýa Federasiýasynyň Howpsuzlyk geňeşiniň resmi elektron saýtynda habar berlişi ýaly, maslahatyň dowamynda halkara howpsuzlyk meselelerine, şol sanda Owganystandaky çylşyrymly ýagdaýy parahatçylyk ýoly bilen kadalaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çärelere ünsi çekildi. Şeýle-de Owganystandaky häzirki Hökümetiň terrorçylyga we ekstremizme, neşe söwdasyna garşy göreşmek, etno-syýasy taýdan deňagramly hökümeti gurmak we adam hukuklaryna hormat goýmak baradaky halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmeginiň ähmiýeti bellendi.

Duşuşykda terrorçylyga garşy ugurda bilelikdäki çäreleri guramak, terrorçylygy maliýeleşdirýän ýollary çäklendirmek, transmilli guramaçylykly jenaýatçylyga, bikanun ýarag we neşe söwdasyna garşy göreşmek boýunça hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin birnäçe goşmaça amaly çäreler teklip edildi.

Howpsuzlyk pudagyndaky çylşyrymly meseleleri çözmekde, işjeň gepleşikleri dowam etdirmekde we Owganystanyň çäginden gelip çykýan kynçylyklara hem-de howplara laýyk gelýän täsirli çözgütleri tapmakda bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmagyň ähmiýeti nygtaldy.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar tarapyndan Howpsuzlyk Geňeşleriniň sekretarlarynyň owgan meseleleri boýunça köptaraplaýyn geňeşmelerini her ýyl dowam etdirmek barada ylalaşyga gelindi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň