Turkmenportal logo
09.02.23
5424954249
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Eýranyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň meýilnamasy belli boldy
Eýranyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň meýilnamasy belli boldyPhoto: press-center of the Cultural Center of the Embassy of the Islamic Republic of Iran in Turkmenistan

12 — 14-nji fewralda Türkmenistanda Eýranyň Medeniýet günleri geçiriler. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa 19-njy ýanwarda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde aýtdy.


12-nji fewralda ýerli wagt bilen sagat 17:00-da Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy bolar.


13-nji fewralda günortan Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Eýran Yslam Respublikasynyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisiniň açylyş dabarasy hem-de Eýranyň milli tagamlarynyň hödür edilmegi bilen bagly çäreler geçiriler.


Serginiň açylyş dabarasy sagat 11:30-da bolar. Sergi iki günläp dowam eder — 13-nji fewralda sagat 11:30-dan 18:00-a çenli, 14-nji fewralda bolsa 9:00 — 18:00 aralygynda ýaýbaňlandyrylar.


13-nji fewralda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda 19:00-dan 20:30-a çenli Eýran Yslam Respublikasynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçiriler.


13-nji we 14-nji fewralda Aşgabat kinoteatrynda eýran filmleriniň görkezilişi bolar.


14-nji fewralda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde iki ýurduň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy bolup, ol 18:00-dan 19:30-a çenli dowam eder.


Medeniýet günleri barada goşmaça maglumatlary şu telefon belgileri arkaly alyp bilersiňiz: (+993 12) 93 42 11; (+993 61) 98 96 83.