Soňky habarlar

Arhiw

12-14-nji fewralda Türkmenistanda Eýranyň Medeniýet günleri geçiriler

21:5519.01.2023
0
29910

Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde aýtdy.

Wise-premýer bu çäräni geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 12-14-nji fewraly aralygynda geçirilmegi meýilleşdirilýän döredijilik çäresine gatnaşmak üçin dostlukly ýurduň medeniýet işgärleriniň we sungat ussatlarynyň wekiliýeti Aşgabada geler. Medeniýet günleriniň çäklerinde konsert, doganlyk halkyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi, iki ýurduň suratkeşleriniň ussatlyk sapaklary we duşuşyklary, eýran kinofilmleriniň görkezilişi bolar. Myhmanlar üçin Aşgabadyň muzeýlerine we gözel künjeklerine gezelençler guralar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek bilen bir hatarda medeni gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady.

Döwlet Baştutany Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanýan hem-de iki ýurduň halklarynyň bähbidine laýyk gelýän netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirip, wise-premýere bu döredijilik çäresiniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegini tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň