Aşgabatdaky «Elektronika dünýäsi» we «Samsung» dükanlarynda köne kir ýuwujy maşynlary täzelemek aksiýasy geçirilýär

22:0009.02.2023
0
66432

«Elektronika dünýäsi» hem-de «Samsung» elektronika we hojalyk tehnikalarynyň dükanlary haryt nyşanyna, tehniki ýagdaýyna, şeýle-de öndürilen senesine garamazdan, köne kir ýuwujy maşynlary kabul edip almak (utilizasiýa) boýunça aksiýa yglan etdi. Oňa laýyklykda, türkmenistanlylar özleriniň köne we ulanyşdan galan kir maşynlaryny tabşyryp, onuň deregine 7, 8 ýa-da 9 kilogram ýüklenilýän «Ariston», «Indesit» ýa-da «Sharp» haryt nyşanly kir ýuwujy maşynlaryny satyn alanlarynda, 2000 manatlyk arzanladyş görnüşinde bonus gazanyp bilýärler.

Bu aksiýa gatnaşmak üçin müşderiler hökmany suratda (+993 60) 14 22 53 telefon belgisine jaň etmelidir. «Elektronika dünýäsi» we «Samsung» dükanlarynyň hünärmenleri köne kir maşynyň ýerine täzesini getirip berýärler. Harydyň tölegi nagt hem-de bank karty arkaly kabul edilýär.

Utilizasiýa boýunça geçirilýän bu aksiýa gatnaşmaga isleg bildirýän islendik müşderi oňa 10-njy fewraldan 25-nji mart aralygynda gatnaşyp biler. Bu ýerde satylýan tehnikalaryň her birine bir ýyllyk kepillik berilýär.

Belläp geçsek, dükanlarda gündelik durmuşda peýdalanylýan uly göwrümli hojalyk tehnikalarynyň (telewizorlar, kir ýuwujy maşynlar, sowadyjylar we doňduryjy kameralar, howa sowadyjylar), şeýle-de kiçi göwrümli (çäýnekler, kofe gaýnadyjylar, elektrik et üweýji maşynlar, garyjy enjamlar, mikrotolkun peçler we beýlekiler) tehnika enjamlarynyň dürli görnüşleri alyjylara hödürlenýär.

Dükanlaryň salgylary:

  • «Elektronika dünýäsi» dükany: Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan şaýoly, 183-nji bina. Telefon belgileri: (+993 60) 14 22 53, (+993 60) 14 22 55 (Hyzmat ediş merkezi);
  • «Samsung» dükany: Aşgabat ş., «Berkarar» söwda we dynç alyş merkezi, 1-nji gat. Telefon belgileri: (+993 60) 14 22 52.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň