1. «Türkmenistan» awiakompaniýasy ýene-de Abu-Dabä howa gatnawlaryny amala aşyryp başlady. Aşgabatdan BAE-niň paýtagtyna uçuşlar hepdede bir gezek – anna günleri amala aşyrylar.
2. Türkmenistanda 17 ― 27-nji dekabr aralygynda geçirilen ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy tamamlandy. Hökümetiň Kararyna görä, bu gezek ilat ýazuwy tutuşlygyna sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly geçirildi. Planşetlerde alnan maglumatlar şifrlener we gaýtadan işlenenden soň umumylaşdyrylan görnüşde ministrliklere, ýolbaşçylara, ylmy we işewür toparlara hem-de beýlekilere hödürlener.
3. Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda Türkmenabatda düýpli abatlaýyş işleri geçirilenden soň Merkezi bazar açyldy. Onuň çäginde 283 dükan bar, olaryň 157-si azyk dükanlarydyr. 4 bölüme bölünen toplumda jemi 880 orunlyk söwda tekjeleri ýerleşýärler, şeýle hem aýratynlykda azyk we senagat harytlary üçin niýetlenen 2 sany ammar göz öňünde tutulypdyr.
4. 2022-nji ýylyň 11 aýynyň dowamynda Türkmenistan Özbegistanyň öňdebaryjy 10 sany daşary söwda hyzmatdaşlarynyň sanawyna girdi. Şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlary aralygynda ýurtlaryň arasyndaky söwda dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 12,7% ýokarlandy we ABŞ-niň 858,6 million dollaryna deň boldy.
5. Täze 2023-nji ýylda Türkmenistanda garyň ýagmagyna garaşmalymy? Hünärmenler Türkmenistanda Täze ýyl gijesiniň, esasan, ýagynsyz bolmagyna garaşylýandygyny aýtdylar. Käbir sebitlerde ýumşak aýazly howa garaşylýar, ýurduň günortasynda bolsa howanyň temperaturasy nola ýakyn bolar.
6. Ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Sähetdurdy Meretdurdyýewiç Atajanow Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň prokurory wezipesine bellenildi. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.
7. Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň we Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we ýok etmek ugrundaky hyzmatdaşlyk baradaky Ylalaşygy tassyklamak hakyndaky» Kanuna gol çekdi. Ylalaşyk taraplara adatdan daşary ýagdaýlary çaklamak, ilaty howplardan goramak we herekete taýýarlamak boýunça tejribe alyşmaga mümkinçilik berer.
8. Filippinlerde uzaga çeken çabgalar adam pidalaryna sebäp bolan güýçli sil joşgunlaryny emele getirdi. Takmynan, üç ýüze golaý bina weýran boldy, ýollara we köprülere zeper ýetdi. Şeýle-de sil joşgunlary tutuş ýurt boýunça deňiz portlarynyň işlemeginde kynçylyklary döretdi. Hökümet ejir çekenlere kömek etmek üçin 100 müň amerikan dollaryndan hem gowrak pul serişdelerini bölüp berdi.
9. «Soçi» futbol topary Gurban Berdiýewiň ýolbaşçylygynda BAE-de we Türkiýede gyşky türgenleşikleri geçirer. Topar lukmançylyk barlagyndan we türgenleşik işine täzeden başlandan soň 2023-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda taýýarlyk işlerine başlar. Soçililer 25-nji ýanwarda Abu-Dabide türgenleşige başlarlar we 1-11-nji fewral aralygynda BAE-niň paýtagtynda geçiriljek RPL-niň Gyşky Kubogyna gatnaşarlar. Möwsümiň täzeden başlamagyna taýýarlyk işleriniň soňky tapgyry 15-25-nji fewral aralygynda Türkiýede geçiriler. Dostlukly duşuşyklar boýunça garşydaşlar has soňrak yglan ediler.