Filippinlerde on adam sil joşmasyndan heläk boldy

13:2028.12.2022
0
38291

Filippinleriň hökümeti düýn ýurtda güýçli çabgalar netijesinde emele gelen sil joşgunlary sebäpli 13 adamyň pida bolandygyny, 23 adamyň dereksiz ýitendigini habar berdi diýip, «Channel NewsAsia» habarlar gullugyna salgylanýan «Interfax.ru» ýazýar.

Ýangyna garşy göreş we polisiýa gulluklary adamlara sil basan etraplary terk etmäge kömek edýärler.

Soňky iki günde Filippinlerde güýçli ýagyş ýagynlar bilen baglylykda 45 müňe golaý adam öýlerini terk edip, halas ediş merkezlerinde galmaly boldy.

Ýerli adatdan daşary ýagdaýlar boýunça wekilhanada ýaramaz howanyň oba hojalygyna çynlakaý ýitgi getirendigini aýdýarlar, şol sanda öý mallarynyň köp sanlysy pida boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň