Türkmenistanda ilat ýazuwy tamamlandy

11:2328.12.2022
0
46145

Türkmenistanda 17 ― 27-nji dekabr aralygynda geçirilen ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy tamamlandy. Onuň şygary «Ilat ýazuwy ― Jebislik, Bagtyýarlyk, Röwşen geljek», nyşany bolsa «Türkmeniň ak öýi» binasy boldy.

Hökümetiň Kararyna görä, bu gezek ilat ýazuwy tutuşlygyna sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly geçirildi.

Ilat ýazuwyny taýýarlamak we geçirmek işinde Türkmenistan BMG, ÝUNFPA we beýleki halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk etdi.

ÝUNFPA-nyň belleýşi ýaly, raýatlar tarapyndan berilýän maglumatlar Döwlet statistika komiteti tarapyndan diňe statistik maksatlar üçin ulanylar.

Planşetlerde alnan maglumatlar şifrlener we gaýtadan işlenenden soň ministrliklere, ýolbaşçylara, ylmy we işewür toparlara we beýlekilere umumylaşdyrylan görnüşde hödürlener.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň