Türkmenistan Özbegistan bilen söwda gatnaşyklaryny iň kän ýola goýýan 10 döwletiň hataryna girdi

10:4428.12.2022
0
31442

Şu ýylyň 11 aýynyň netijelerine görä, Türkmenistan Özbegistan bilen söwda gatnaşyklaryny kän eden ilkinji 10 döwletiň hataryna girdi. Bu barada Trend goňşy döwletiň Statistika baradaky komitetine salgylanyp habar berdi.

Has takygy, şu ýylyň ýanwar ― noýabr aýlarynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwründäkiden 12 göterim ýokarlanyp, 858,6 million amerikan dollaryna barabar boldy.

Şunda Özbegistanyň Türkmenistandan satyn alan harytlaryna düşýän paý 674,3 million, satan paýy bolsa 184,3 million dollara ýetýär.

Çeşme geçen ýylyň dowamynda türkmen ― özbek söwda gatnaşyklarynyň 881,9 million amerikan dollaryna ýetip, munuň 2020-nji ýyldakydan 61 göterim kän bolandygyny hem ýazdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň