Turkmenportal logo
28.12.22
6405864058
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Türkmenistan» aiwakompaniýasy BAE-niň paýtagtyna göni uçar gatnawyny dikeltdi
«Türkmenistan» aiwakompaniýasy BAE-niň paýtagtyna göni uçar gatnawyny dikeltdi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherine göni howa gatnawlaryny dikeltdi. Bu barada «Turkmenportala» awiakompaniýanyň Baş edarasyndan habar berildi.


Iki ýyllyk arakesmeden soňra ilkinji uçuş 23-nji dekabrda Aşgabat şäherinden amala aşyryldy.


Häzirlikçe Aşgabat ― Abu-Dabi aralygyndaky uçuşlar hepdede bir gezek amala aşyrylýar. Uçar anna güni agşam sagat 18:00-da ýola düşüp, şol gün ýerlli wagt bilen 21:00-da Abu-Dabiden Aşgabada sary uçýar.


«Türkmenhowaýollarynyň» resmi saýtynda Aşgabat ― Abu-Dabi ugry boýunça uçuşyň bir tarapynyň bileti 5639 manat 80 teňňeden satylýar (28-nji dekabrdaky ýagdaý).


«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň BAE-niň başga bir iri şäherine ― Dubaýa gatnawlary öňräk dikeldendigini ýatladýarys. Has takygy, tamamlanyp barýan ýylyň 30-njy maýyndan bäri hepdede iki gün ― duşenbe we çarşenbe günleri awiakompaniýanyň uçarary Dubaýa gatnaýar.


«Türkmenistan» awiakompaniýasy, şeýlelikde, häzirki wagtda Aşgabatdan Stambul (Türkiýe), Moskwa (Russiýa Federasiýasy), Kazan (Tatarystan, Russiýa Federasiýasy), Maýn boýundaky Frankfurt (Germaniýa), Abu-Dabi (BAE) we Dubaý (BAE) şäherlerine göni howa gatnawlaryny amala aşyrýar.