Soňky habarlar

Arhiw

«S7 Airlines» Türkmenistana howa gatnawlarynyň ýygylygyny artdyrar, Germaniýa doly derejede Türkmenistanyň raýatlaryna wiza bermekligi gaýtadan ýola goýdy, Türkmenistana Türkiýäniň parlamentiniň ýolbaşçysy geldi

10:3518.11.2022
0
26253

1. «S7 Airlines» awiakompaniýasy 2022-nji ýylyň dekabryndan başlap, Russiýadan Türkmenistana howa gatnawlarynyň sanyny hepdede bir gezekden iki gezege çenli artdyrar. Dowamly howa gatnawlary duşenbe we penşenbe günleri amala aşyrylar.

2. Türkmenistanda Şengen wizasyny almak üçin resminamalary tabşyrmak boýunça Germaniýanyň DIM-nde elektron ulgam arkaly kabul edişlik üçin bellige alynmak mümkinçiligi gaýtadan döredildi. Wizany almak üçin haýyşnama gidiljek gününden 3 aýdan ir bolmadyk we 15 günden giç bolmadyk möhletde berilýär.

3. Türkiýäniň Beýik milli mejlisiniň başlygy Mustafa Şentopuň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistana geldi. Saparynyň birinji gününde Şentop Aşgabatdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikleri toplumyna bardy we gül desselerini goýmak dabarasyna gatnaşdy. Şeýle hem Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň parlamentleriniň arasynda birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek meýilleşdirilýär.

4. Türkmenistanyň Döwlet muzeýiniň eksponatlarynyň arasynda Garagum çölüniň demirgazyk-günbatar böleginde ýerleşýän Garaşor çöketliginden tapylan özboluşly tapyndylar hem bar. Olar akulalaryň daşa öwrülen dişleridir. Olar Anatoliý Grigorýewiç Buşmakin we Aman Nigarowiç Nigarow tarapyndan geologiýa-paleontologiýa barlaglarynyň netijesinde ýüze çykaryldylar. Alymlar gadymy döwürlerde Türkmenistanyň çäkleri ägirt uly deňiz bilen gurşalypdyr diýip pikir edýärler, ol ýitip gidensoň bolsa, Garagum çöli emele gelipdir. Çaklamalara görä, akulalar Garaşor çöketliginiň deňiz çuňluklarynyň gadymy ýaşaýjylary bolupdyr. Olaryň nähili görnendikleri heniz bilinmeýär, emma gadymy akula dişleriniň ýaşy 65 million ýyla deň.

5. Türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwalynyň ikinji gününde Daşoguz welaýat kitaphanasynda iki ýurduň şahylarynyň döredijilik duşuşygy geçirildi. Kitaphanada myhmanlary gyzgyn garşy aldylar we muzeýe gezelenç guradylar. Duşuşyga gatnaşyjylar iki ýurduň görnükli şahyrlary we ýazyjylary – Magtymguly Pyragynyň we Alyşir Nowaýynyň döredijiligini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem terjimeçilik işinde özara hyzmatdaşlyk saklamak boýunça ylalaşyklar gazanyldy.

6. BAE-niň emirlikleriniň biri bolan Ajmanyň polisiýa bölümi 2022-nji ýylyň 21-nji noýabryndan geljek ýylyň 6-njy ýanwaryna çenli ýol hereketiniň kadalarynyň bozulmalary üçin jerimelere 50% arzanladyş girizýär. Arzanladyşly jerimeleri hyzmat merkezleri, Içeri işler ministrliginiň ýa-da Ajmanyň polisiýa bölüminiň ykjam programmasy, şeýle hem ýörite akylly kiosklar arkaly tölemek mümkindir. Şonuň bilen birlikde, jerimäniň möçberi fiziki şahslar üçin 5 müň dirhemden, kompaniýalar we edaralar üçin 20 müň dirhemden az bolmaly däldir.

7. Russiýaly diýetolog Irina Pisarewa bedeniň syrdamlygyny bozmazlyk üçin böregiň iýilmeli mukdary hakynda gürrüň berdi. Börek – ýeterlik derejede kaloriýaly nahar, şonuň üçin ony berhizli nahar diýip atlandyrmak kyndyr. 10-15 sany börekli bir adamlyk nahar, goşulýan souslary hasaba almazdan, özünde, takmynan, 300-380 kilokaloriý saklap bilýär. Diýetolog bir gezekde 10-15-den köp börek iýmezligi, şeýle hem oňa asla maýonez we üwmeç goşmazlygy maslahat berýär.8.

8. Futbol boýunça Russiýanyň we Täjigistanyň ýygyndy toparlary dostluk duşuşygynda deňme-deň oýnadylar. Duşuşyk 0:0 hasabynda tamamlandy. Duşuşyk Duşanbe şäherindäki Merkezi Respublikan stadionynda geçirildi. 20-nji noýabrda Russiýanyň milli ýygyndysy Daşkentde Özbegistanyň toparyna garşy dostluk duşuşygyny geçirer.

9. Sport hünärmeni Janni Infantino Halkara futbol federasiýasynyň prezidenti wezipesine ikinji dört ýyllyk möhlet bilen saýlanar. Infantino 2023-nji ýylyň martynda geçiriljek FIFA-nyň prezidentiniň saýlawlarynda ýeke-täk dalaşgär bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň