Soňky habarlar

Arhiw

Dostluk festiwalynyň çäginde türkmen we özbek şahyrlary duşuşdylar

15:1817.11.2022
0
26760

Türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwalynyň ikinji gününde Daşoguz welaýat kitaphanasynda iki ýurduň şahyrlarynyň döredijilik duşuşygy geçirildi.

Duşuşygy Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa açyp, iki halkyň ruhy kökleriniň umumylygy we häzirki zaman ýazyjylarydyr şahyrlarynyň Gündogaryň şahyrlarynyň iň gowy däplerine wepalylygyny belläp geçdi.

Çykyş edenler, iki döwletiň hem dünýä edebiýatynyň hazynasyna ägirt uly goşant goşan görnükli şahyrlary we ýazyjylary dogrusynda söhbet etdiler. Türkmen medeniýeti köp asyrlaryň dowamynda Magtymguly Pyragynyň ady bilen aýrylmaz baglanyşykly bolsa, özbek edebiýatynyň iň görnükli wekillerinden biri beýik özbek şahyry-akyldary Alişir Nowaýdyr.

Özbegistanda türkmen halkynyň edebi mirasyna bolan gyzyklanma, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmen we özbek dostluk festiwalyna gatnaşyjylara iberen gutlag ýüzlenmesinde hem aýdyň görünýär: «Ýazyjylar birleşigi we Özbegistanyň Ylymlar akademiýasy 100 tomdan ybarat «Türk edebiýatynyň merjenleri» eserler ýygyndysyny neşir etdi. Ýygyndynyň 10 tomy türkmen edebiýatynyň saýlanan eserlerine bagyşlanýar. Tomluklar Azady, Andalyp, Magtymguly, Mollanepes, Berdi Kerbabaýew, Hydyr Derýaýew, Atajan Tagan ýaly onlarça görnükli şahyrlaryň we ýazyjylaryň — nusgawy we döwürdeşleriň döredijiliginiň iň gowy nusgalaryny öz içine alýandygy bellärliklidir».

Duşuşyga gatnaşyjylar terjime işlerinde hyzmatdaşlygyň geljegi, şeýle hem 2024-nji ýylda Türkmenistanda we Türk döwletlerinde geçiriljek beýik şahyr-filosof Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna taýýarlyk görmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Daşoguz welaýat kitaphanasynda myhmanlary mähirli garşy aldylar, muzeýe gezelenç guradylar, elektron kitap bölüminiň işi, ýaş okyjylar üçin zal we beýleki gözel ýerler bilen tanyşdylar.

Açyk kitap görnüşinde ýasalan Daşoguz welaýat kitaphanasynyň dokuz gatly häzirki zaman binasynyň 2014-nji ýylda ulanylmaga berlendigini ýatladýarys. Kitaphana bir wagtyň özünde 600 okyjyny kabul edip bilýär. Kitaphanada dört kitap ammary, sekiz okalga otagy, internet otagy we kitap muzeýi bar. Binanyň dokuzynjy gatynda kosmos gözlegleri üçin döredilen güýçli teleskop ýerleşdirilendir. Halkara talaplaryna laýyklykda enjamlaşdyrylan kitaphana gaznasy depozitlerinde seýrek neşirleri gorap saklamak üçin ýörite bölümler bar. Döredilen elektron maglumat bazasy, paýtagtyň kitaphanalary we ýurduň beýleki sebitlerindäki kitap ammarlary bilen aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berýär.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň