Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Özbegistanyň medeniýet ministri türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwalynda aýdym aýtdy

16:4516.11.2022
0
38211

Özbegistan Respublikasynyň medeniýet ministri Ozodbek Nazarbekow türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwalynda öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edýär. Ozodbek Nazarbekow şu gün Daşoguz şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň sahnasynda geçirilen bilelikdäki konsertde çykyş etdi.

Tomaşaçylaryň haýyşy boýunça Özbegistan Respublikasynyň Halk aýdymçysy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Ozodbek Nazarbekow özbek aýdymy bolan «Gelgin gülüm», şeýle hem türkmen dilinde

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň sazyna hem-de sözüne düzülen «Leýlisaç barada rowaýat» aýdymyny ýerine ýetirdi.

Ministriň çykyşy ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen garşylandy.

Bilşiňiz ýaly, Özbegistan Respublikasynyň medeniýet ministri Ozodbek Nazarbekowa 2020-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen at dakyldy. Şeýle hem ol Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisidir.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň