Daşoguzdaky dostluk festiwalynda türkmen küştdepdisi bilen özbek lazgisi duşuşdy

17:3816.11.2022
0
36369

Türkmenistanyň demirgazygynda geçirilýän türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwalynyň çäginde iki ýurduň sungat ussatlarynyň konserti geçirildi.

Konsertiň maksatnamasyna edebi we aýdym-saz kompozisiýalary, gadymy we häzirki zaman milli sazlarydyr aýdymlary, iki doganlyk halkyň özboluşly däp-dessurlaryny görkezýän horeografiki we halk döredijilik çykyşlary girizildi.

Tomaşaçylary estetika we horeografiýa taýdan özboluşlylygy bilen tapawutlanýan milli özbek tansy lazgi has-da özüne çekdi. Dostluk festiwalynyň ahyrynda iki ýurduň sungat işgärleri küştdepdi tansyny ýerine ýetirdiler. Bu ajaýyp tans doganlyk halklaryň döredijilik agzybirliginiň güýjüni görkezdi.

Adaty özbek tansy bolan lazgi we türkmen küştdepdisi ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendir.

Şeýle-de okaň:

Fotoreportaž:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň