Soňky habarlar

Arhiw

Özbegistanyň medeniýet ministri Türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwalynda aýdym aýtdy, Türkmenistanda 30-dan gowrak döwlet eýeçiligine degişli desga satuwa çykaryldy we beýleki habarlar

11:1717.11.2022
0
25918

1. Özbegistanyň medeniýet ministri Ozodbek Nazarbekow Türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwalynda çykyş etdi. Özbegistan Respublikasynyň halk artisti, Türkmenistanyň at gazanan artisti Daşoguz şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň sahnasynda «Gelgin gülüm» atly özbek aýdymyny hem-de türkmen dilinde «Leýlisaç barada rowaýat» atly aýdymyny ýerine ýetirdi.

2. 30-njy noýabrda Türkmenistanda döwlet eýeçiligine degişli desgalaryň satuwy boýunça bäsleşikli söwda (auksion) geçiriler. Bäsleşikli söwda döwlet emläkleriniň söwdasynyň е.fineconomic.gov.tm sanly meýdançasynda guralar. Satuwa hödürlenýän desgalaryň arasynda dürli ministrlikleriň we edaralaryň 30-dan gowrak binalary bar.

3. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýylda geçirilmegi meýilleşdirilen sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň, festiwallaryň sanawyny we olary geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň düzümini tassyklady. Resminamada degişli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek bellenilýär.

4. Aşgabatda robototehnika boýunça iki günlük ýaşlar festiwaly geçirildi. Çärä mekdep okuwçylary we talyplar gatnaşdylar. Bäsleşikler «Ýapon sumosy», «Labirint» we «Toparlaýyn taslama» ugurlary boýunça geçirildi. «Robofestiň» çäklerinde döredijilik işleriniň sergisi we türkmen milli aşhanasynyň tagamlarynyň ýarmarkasy guraldy.

5. Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi «Dolanaý» atly täze çeper filmde keşpleri janlandyrjak aktýorlary saýlamak üçin bäsleşik yglan edýär. Synaglara ähli isleg bildirýänler gatnaşyp biler. Aktýorçylyk biliminiň bolmagyna oňyn garalýar, emma bu hökmany talap däldir. Film Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda surata düşüriler. Režissýor Arslan Eýeberdiýewiň täze filmi, takmynan, 2023-nji ýylyň ikinji ýarymynda tomaşaçylara ýetiriler. Filmde surata düşmäge isleg bildirýänleriň arzalary 3-nji dekabra çenli kabul edilýär. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 63) 92 91 93; (+993 12) 49 37 01.

6. Aşgabatda Russiýanyň we Türkmenistanyň hökümetara toparynyň ylym we ýokary bilim ulgamlary boýunça mejlisi geçirildi. Taraplar Türkmenistanyň raýatlarynyň rus ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaklary we bilelikdäki Türkmen-rus uniwersitetini döretmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Häzirki günde Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde Türkmenistanyň 30 müňden gowrak raýaty bilim alýar. Her ýyl RF-niň Hökümeti türkmen dalaşgärleri üçin orunlary döredýär, 2022/23-nji okuw ýylykda 250 orun bölünip berildi. Indiki okuw ýylynda hem şonça orun döretmek meýilleşdirilýär.

7. Aýazbabanyň kabulhanasynda çagalaryň Täze ýylda haýsy sowgatlary has köp soraýandygy hakynda gürrüň berildi. Bu ýylda çagalar Aýazbabadan, esasan, döwrebap enjamlary, gurjaklary, şeýle hem pult bilen dolandyrylýan uçarlary we ulaglary sowgat hökmünde haýyş edýärler. Adaty bolmadyk islegleriň hatarynda – hemişe dogry ýazýan ruçka, feýalaryňky ýaly ganat, suw persiniňki ýaly guýruk, öz-özüni ýygnaýan saçak we jadyly daşlar bar.

8. Russiýanyň nebit kompaniýasy «Lukoýl» dolandyryş ulgamynyň tertibinde we gurluşynda özgertmeleri geçirmegi hem-de prezident wezipesinden ýüz öwürmegi meýilleşdirýär. 2022-nji ýylyň 5-nji dekabrynda kompaniýada paýdarlaryň ýygnagy geçiriler, onuň dowamynda bolsa göz öňünde tutulýan üýtgeşmeler tassyklanar. «Lukoýlyň» dolandyryş ulgamynyň gurluşyndaky özgertmeleriň çäklerinde toparlaýyn ýerine ýetiriji edarasy ýatyrylar we ýeke-täk ýerine ýetiriji edara bilen çalşylar.

9. Eminem Manhettende «8-nji mil» filminiň usulynda bezelen pop-ap-restoranyny açdy. Restoranyň tagamnamasynda ýekeje nahar bar – «Ejemiň spagettisi», ol üç görnüşde – goşundysyz, frikadelkaly we wegan usulynda hödürlenýär. Şeýle-de restoranda dürli görnüşli başgaplar (kepkalar), köýnekçeler (futbolkalar) we reperiň aýdymlaryndaky sözleri ýazylan switerler satylýar.

10. Ýewraziýadaky ralli-reýd boýunça iň iri ýaryş 2023-nji ýylyň 6-15-nji iýuly aralygynda geçirilip, ol Russiýanyň 13 sany subýektiniň üstünden geçer. Ýaryşyň ugrunyň Orenburg, Samara we Saratow oblastlarynyň, şeýle hem Çelýabinsk oblasyndaky Magnitogorsk şäheriniň üstünden geçmegi göz öňünde tutulýar. Ýaryş 10 gün dowam eder, bu wagtyň dowamynda ýaryşa gatnaşyjylar 5230 km aralygy geçerler. Ýaryşa motosikl, kwadrosikl, motowezdehod, ýolsuz ýer ulagy (krossower) we ýük ulagy ýaly ulaglaryň ähli görnüşleri boýunça sürüjiler gatnaşarlar.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň