Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan we Russiýa ylym we ýokary bilim pudagynda hyzmatdaşlygyň ösüşi barada maslahatlaşdylar

16:0316.11.2022
0
40797

Aşgabatda Russiýa bilen Türkmenistanyň hökümetara toparynyň ylym we ýokary bilim pudagyndaky mejlisi geçirildi.

Russiýa Federasiýasynyň Ylym we ýokary bilim ministrliginiň resmi web sahypasynda berilen habara görä, taraplar Türkmenistanyň raýatlarynyň Russiýanyň uniwersitetlerinde bilim almagy we bilelikdäki Türkmen-rus uniwersitetini döretmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Russiýa Federasiýasynyň ylym we ýokary bilim ministriniň orunbasary Natalýa Boçarowa öz çykyşynda bu bölümiň işiniň ýokary hünärli türkmen hünärmenlerini taýýarlamakda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň zerurlyklaryny göz öňünde tutýandygyny aýtdy.

Häzirki wagta çenli Russiýanyň uniwersitetlerinde Türkmenistanyň 30 müňden gowrak raýaty bilim alýar. Russiýa Federasiýasynyň hökümeti her ýyl türkmen dalaşgärleri üçin bilim kwotasyny bölýär. 2022/23-nji okuw ýyly üçin bolsa 250 ýer bölünip berildi. Geljek okuw ýylynda hem şol bir mukdarda ýer berilmegi meýilleşdilýär. Türkmenistanyň raýatlarynyň arasynda iň meşhur okuw ugurlary lingwistika, ykdysadyýet, halkara gatnaşyklary, nebit we gaz biznesi, informatika we kompýuter tehnologiýasy, binagärlik, psihologiýa we stomatologiýadyr.

Natalýa Boçarowa Russiýa Federasiýasynyň Ylym we ýokary bilim ministrliginiň Russiýanyň uniwersitetlerine okuwa girmek üçin Türkmenistandan taýýarlanan dalaşgärleriň sanyny artdyrmak mümkinçiligine garamaga taýýardygyny aýtdy. Şeýle hem taraplar Türkmenistanda bilelikdäki uniwersiteti döretmek meselesine aýratyn ünsi çekdiler.

Türkmen tarapy geljekki uniwersitetde tehniki we lukmançylyk ugrundan hünärmenleri taýýarlamaga gyzyklanma bildirdi. Rus ülňülerine laýyklykda bilim programmalarynyň Türkmen-rus uniwersitetinde durmuşa geçiriljekdigi sebäpli, Russiýanyň Ylym we ýokary bilim ministrliginiň buýrugy bilen tassyklanan ýokary bilim hünärleriniň we ugurlarynyň sanawy berildi.

Bilelikdäki uniwersitet döretmegiň başlangyç tapgyrynda guramaçylyk we usulyýet kömegi bermek üçin iki tarapdan hem utgaşdyryjy uniwersitetler kesgitlener diýlip çaklanylýar.

Mundan başga-da, rus tarapy eýýäm türkmen kärdeşlerine uniwersitetiň işlemeginiň esasy mehanizmlerini kesgitleýän Türkmen-rus uniwersitetiniň döredilmegi we şertleri barada Hökümetara şertnamanyň taslamasyny iberdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň