Türkmenistanda täze taryhy döwürde amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeler bilen dünýä jemgyýetçiligini tanyşdyrmak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, ylmyň gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyrmak we ýurduň ykdysadyýetiniň pudaklaryna maýa goýumlaryny çekmek maksady bilen, Prezident Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan 2023-nji ýylda geçirilmegi meýilleşdirilen sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň we festiwallaryň sanawy we olary geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň düzümi tassyklanyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna degişli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.