Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmen atlary» at çapmak boýunça okuwlara çagyrýar, «Türkmen howa ýollary» halkara uçuşlaryň tertibini köpçülige ýetirdi, Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň halkyna gynanç bildirdi

10:5315.11.2022
0
23203

1. Türkmenistanda 2022-nji ýylyň 1-nji dekabryndan başlap, «Türkmen atlary» Döwlet birleşiginde tölegli esasda ýokary derejeli çapyksuwarlary taýýarlamak okuwlary açylar. Okuwlara 13 ýaşdan kabul edilýär. Okuw maksatnamasyna amaly we nazary sapaklar girýär. Alty aýlyk okuwlar Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda we Aşgabat atçylyk sport toplumynda geçiriler.

2. «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň resmi saýtynda Aşgabadyň, Türkmenbaşynyň, Türkmenabadyň howa menzillerinden dürli ugurlara we yzyna halkara howa gatnawlarynyň tertibi köpçülige ýetirildi. «Türkmen howa ýollary» Aşgabatdan Dubaýa (BAE), Maýndaky Frankfurta (Germaniýa), Stambula (Türkiýe), Kazana (Tatarstan, RF) we Moskwa (RF) dowamly uçuşlary amala aşyrýar. Uçuşlaryň tertibi bilen şu ýerde tanşyp bilersiňiz.

3. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we milli parlamentiň Halk Maslahaty palatasynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana Stambul şäheriniň merkezinde bolup geçen partlamanyň adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getirendigi zerarly gynanç hatlaryny iberdiler.

4. «Ýeňme» jemgyýetçilik guramasy çagalaryň arasynda surat bäsleşigini yglan etdi we ýaş suratkeşleri oňa işjeň gatnaşmaga çagyrýar. Bäsleşik 20-nji noýabrda bellenilýän Bütindünýä çaga gününe bagyşlanýar. Bäsleşige gatnaşmak üçin çagalaryň çeken suratlaryny «Ýeňme» jemgyýetçilik guramasynyň salgysyna ugratmaly: Aşgabat, Görogly köçesi, 56-njy jaý.

5. Daşoguz 16-njy noýabrda açyljak türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwalyny garşy almaga taýýarlyk görýär. Çärä iki döwletiň aýdym-saz we teatr ussatlary, meşhur medeniýet we sungat işgärleri gatnaşarlar. Özbegistanly myhmanlar üçin medeni maksatnama taýýarlanyldy, ol Köneürgenç döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň meşhur ýadygärliklerine amala aşyryljak gezelençleri öz içine alýar.

6. «Türkmendemirýollary» agentliginiň dolandyryş bölümi Türkmenistanda ýolagçy demir ýol peteklerini railway.gov.tm saýtyndan almagyň mümkindigini ýatladýar. Petekleri otlynyň ugrajak gününden bäş gün öň satyn almak mümkindir. Şeýle hem petekleri resmi ykjam programma arkaly hem satyn alyp bilersiňiz.

7. «Marvel» kinoäleminiň «Gara Pantera: Wakanda ömürlik» filmi birinji dynç günlerinde ABŞ-niň 330 million dollaryny toplady. Režissýor Raýan Kugleriň filmi patyşalygyň daşky howplar bilen dowam edýän göreşi barada gürrüň berýär, şeýlelikde, merhum patyşa T’Çallanyň uýasy Şuri Gara Panteranyň keşbinde ýurdy halas etmek wezipesini öz egnine almaly bolýar.

8. «Apple» kompaniýasy garaşyk giňişlik enjamyny döretmegi meýilleşdirýär we bu taslama gatnaşmaga taýýar hünärmenleri gözleýär. Gürrüň wideo hyzmatlary üçin filmleri wirtual giňişlikde görmäge mümkinçilik berýän enjamy döretmek barada gidýär. Enjam içinde hem-de daşynda ýerleşdirilen onlarça kameradan ybarat bolar we «Mac» derejeli M2 çipi bilen üpjün ediler. Maksadyny durmuşa geçirmek üçin «Apple» programma üpjünçiligi ulgamy boýunça wizual effektler we oýun çeşmeleriniň önümçiliginde tejribesi bolan hünärmenlerden, wirtual we goşmaça giňişlik boýunça inženerlerden hem-de beýlekilerden ybarat bolan ýokary hünär derejeli işgärler toparyny döretmekçi bolýar.

9. Lewerkuzeniň «Baýer» toparynyň hüjümçisi Serdar Azmun futbol boýunça dünýä çempionaty – 2022-ä gatnaşmak üçin Eýranyň milli ýygyndysynyň gutarnykly düzümine girdi. Ozal Azmunyň şikes sebäpli dünýä çempionatyna gatnaşyp bilmezligi hakynda habar berlipdi. Hüjümçi Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynda «Portu» toparyna garşy duşuşygyň öňüsyrasyndaky türgenleşikde şikes alypdy. 27 ýaşly türkmen gelip çykyşly eýranly futbolçy şu möwsümde «Baýeriň» düzüminde 11 duşuşyga çykdy, emma netije görkezmegi başarmady.

10. Daşkendiň «Pahtakor» topary 26-njy tapgyrda «Bunýodkordan» 2:0 hasabynda üstün çykyp, futbol boýunça Özbegistanyň çempiony boldy. Topar bu üstünlige 44 ýaşly tälimçi Maksim Şaskihiň ýolbaşçylygynda eýe boldy. Bäsleşikde ikinji orny «Nawbahor», üçünji orny bolsa «Nasaf» eýeledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň