Arhiw

Azmun şikeslidigine garamazdan, Eýranyň dünýä çempionatynda gatnaşjak düzüminden orun aldy

12:0314.11.2022
0
13836
Azmun şikeslidigine garamazdan, Eýranyň dünýä çempionatynda gatnaşjak düzüminden orun aldy

Eýranyň milli ýygyndysynyň düzüminden 26 oýunçy ýer aldy. Olar: derwezeçiler — Alireza Beiranwand («Persepolis»), Amir Abedzade («Ponferradina», Ispaniýa), Hosseýn Hosseýni («Istiklal»), Paýam Niýazmand («Sepahan»); goragçylar — Majid Hosseýni («Trabzonspor», Türkiýe), Hosseýn Kananizadegan we Şoja Halilzade (ikisem «Al-Ahli», Katar), Murtaza Purligenji («Persepolis»), Sadeg Muharrami («Lokomotiw», Horwatiýa), Milad Muhammedi («Gent», Belgiýa), Ehsan Hajsafi («AEK», Greaiýa), Ramin Rizaeýan («Persepolis»), Abulfazl Jelali («Istiklal»); ýarymgoragçylar — Saýed Ezzatollahi («Waýle», Daniýa), Ali Karimi («Kaýserispor», Türkiýe), Ahmed Nurullahi(«Şabab Al-Ahli», BAE), Ruzbe Çeşmi («Istiklal»), Wahid Amiri («Persepolis»), Saman Goddos («Brentford», Angliýa), Alireza Jahanbahş («Feýenord», Niderlandlar), Ali Golizade («Şarlerua», Belgiýa), Mehdi Torabi («Persepolis»); hüjümçiler — Serdar Azmun («Baýer», Germaniýa), Mehdi Taremi («Portu», Portugaliýa), Karim Ansarifard («AEK», Gresiýa). Ýygyndynyň baş tälimçisi Karluş Keýruş.

Mundan ozal Serdar Azmunyň şikesi sebäpli dünýä çempionatynda gatnaşyp bilmezliginiň mümkindigi barada habarlar peýda bolupdy. Hüjümçi ÝÇL-iň toparçalaýyn tapgyryndan orun alan «Portu» bilen boljak duşuşykdan öň türgenleşikde şikes alypdy.

Futbol boýunça 2022-nji ýylky dünýä çempionaty 20-nji noýabr 18-nji dekabr aralygynda geçiriler. Eýranyň milli ýygyndysy bu ýaryşyň toparçalaýyn tapgyrynda Angliýanyň (21-nji noýabrda), Uelsiň (25-nji noýabrda) we ABŞ-nyň (29-njy noýabrda) milli ýygyndylary bilen güýç synanyşar.

Ýeri gelende bellesek, 27 ýaşly türkmen asylly eýranly futbolçy Serdar Azmun 2022-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda «Zenit» bilen hoşlaşyp, «Baýeriň» düzümine goşulypdy. Oýunçynyň häzirki topary bilen şertnamasy 2027-nji ýyla çenli niýetlenen. Bu möwsümde Azmun klubynyň düzüminde ähli ýaryşlary hasaba alanyňda 11 oýunda meýdança çykyp, häzirlikçe netijeli hereket amala aşyryp bilmedi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň