Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Azmunyň dünýä çempionatyna gatnaşyp bilmezligi mümkin

01:3109.10.2022
0
27111

«Baýer Lewerkuzeniň» türkmen asylly eýranly hüjümçisi Serdar Azmun myşsa şikesini aldy we alty-ýedi hepdeläp meýdança çykyp bilmez. Bu barada Lewerkuzen klubunyň metbugat gullugy habar berdi.

Serdar Çempionlar ligasynyň 3-nji duşuşygynyň öňüsyrasynda — «Porto» bilen boljak oýundan öňki türgenleşikde sag aýagynyň myşsasyndan şikes aldy. Şikes sebäpli Serdar Katarda geçiriljek dünýä çempionatyny sypdyryp biler.

Azmun Eýranyň milli ýygyndysynyň esasy oýunçylarynyň biridir. Eýranyň ýygyndysy dünýä çempionatynda ilkinji oýnuny 21-nji noýabrda Angliýa garşy geçirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň