Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Hasyl toýy bellenildi, Mejlisiň deputatlary Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetini kabul etdiler, Aşgabatda hindi sarisiniň bäsleşigi geçirildi we beýleki habarlar

10:3714.11.2022
0
25048

1. Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň ähli künjeklerinde degişli ugur boýunça dürli maslahatlar guraldy, sergi-ýarmarkalary ýaýbaňlandyryldy. Şu ýyl oba zähmetkeşleriniň uly üstünliklerine beslendi. Ýurdumyzda pagtanyň bol hasyly ýygnaldy, bugdaý hasylyny ýygnamak boýunça döwlet tabşyrygy üstünlikli berjaý edilip, 1 million 500 müň tonna golaý bugdaýy Watan harmanyna tabşyryldy. Gök, miwe we bakja önümleriniň hem bol hasyly ýygnalyp alyndy. Ýurdumyzyň ýüpekçileri döwlet harmanyna dokma senagaty üçin gymmatly çig malyň 2 müň 300 tonnadan gowragyny tabşyryp, pile taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler.

2. Milli Geňeşiň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynda deputatlar “Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Kanuny kabul etdiler. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň teklibine laýyklykda, 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň esasy böleginiň durmuş maksatly ugra, ýagny bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlaryny, döwlet kömek pullarynyň ulgamyny, ýaşaýyş jaý, jemagat hojalygyny, umumy häsiýetli döwlet hyzmatlaryny maliýeleşdirmäge gönükdiriler.

3. Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň guramagynda hindi sarisiniň bäsleşigi geçirildi. Hindi milli lybasy bolan sariniň türkmen muşdaklary bäsleşige işjeň gatnaşdylar. Olar sariniň geýliş aýratynlyklaryny görkezdiler, şeýle hem onuň geýlişinde täzeçil usullar boýunça dizaýnerlik pikirlerini öňe sürdüler. Bäsleşigiň ýeňijilerini Hindistanyň Türkmenistandaky ilçisi Widhu Pithambaran Nairiň hut özi gutlady.

4. Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde ak toýun (kaolin) sehini abatlamak we durkuny täzelemek işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Bu kärhanada öndürilýän önümleri diňe bir içki bazarda ýerlemek däl, eýsem, eksporta hem ugratmak meýilleşdirilýär.

5. Türkmenabatda ýaş aşpezleriň arasynda bäsleşik geçirildi. Oňa iki sany ýörite hünär okuw mekdebiniň we ýörite derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyplary gatnaşdylar. Bäsleşige gatnaşyjylar öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Şeýle-de bur ýerde talyplaryň taýýarlan tagamlarynyň sergisi guraldy.

6. Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Konsullyk bölümi 2022-nji ýylyň 1-nji dekabryndan okuw wizalaryny resmileşdirmek meselesi boýunça talyplaryň janly nobat görnüşinde kabul edişligini bes eder. 2022-nji ýylyň 1-nji dekabryndan başlap, raýatlaryň ähli derejeleriniň kabul edişligi diňe öňünden elektron görnüşde bellige alynmak boýunça amala aşyrylar.

7. Hindistanyň Odişa ştatynda pil sürüsi şol ýerdäki obalaryň biriniň ýaşaýjylarynyň likýor taýýarlamak üçin goýup giden garyndysyny içip, serhoş boldular we «jenaýat edilen ýerde» uklap galdylar. Ştatyň ýaşaýjylary likýory ýerli tokaýlarda ösýän agaçlaryň ýapraklaryndan taýýarlaýarlar. Garyndynyň ajamagy üçin ony uly gaplarda birnäçe günläp saklaýarlar. Ir bilen ýaşaýjylar likýor taýýarlamak üçin garyndyly gaplaryň saklanýan ýerine geldiler, emma döwlen gaplar we uklap ýatan piller – dokuz sany erkek, alty sany ene pil hem-de dokuz sany çaga pil bilen ýüzbe-ýüz boldular.

8. Aktrisa Lindsi Lohan «Marvel» kinoäleminiň filmleriniň birinde surata düşmäge isleg bildirdi. Onuň bellemegine görä, eger ssenariýa oňa ýarasa, esasan hem romantiki komediýalar boýunça ol islendik taslamada surata düşmäge taýyndyr, emma onuň uruşly filmlerde surata düşmek boýunça tejribesi ýok. Şonuň üçin hem ol «Marvel-iň» nobatdaky taslamasyna uly howes bilen gatnaşardy.

9. Bişkekde sambo boýunça dünýä çempionaty tamamlandy. Dünýä birinjiliginiň netijeleri boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy 6 sany baýrakly orna mynasyp boldy – bir altyn, bir kümüş we dört bürünç medallar. Türkmenistanyň düzüminde Muhammet Kössekow sambo boýunça dünýäniň çempiony bolmagy başardy. 64 kg çenli agram dereje boýunça final tutluşygynda türkmen türgeni azerbaýjanly Elwin Bagirowdan üstün çykdy.

Bäsleşigiň ikinji gününde iki sany bürünç medaly nusgawy sambo görnüşiniň wekilleri Kakageldi Ýegenbaýew (71 kg çenli) we Batyr Hojamuhammedow (98 kg-den ýokary) gazandylar.

Dünýä çempionatynyň jemleýji gününde Begenç Baltaýew sport sambosynda 79 kg çenli agram derejede kümüş medal gazanmagy başardy, bürünç medallary bolsa sport sambosy boýunça Guwanç Begaliýew (98 kg çenli) we söweş sambosy boýunça Babajan Iwadullaýew (98 kg-den ýokary) gazandylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň