Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenabatda ýaş aşpezleriň bäsleşigi geçirildi

21:4812.11.2022
0
22590

Türkmenabat şäher häkimliginiň 2-nji hünär tehniki okuw mekdebinde «Supradaky nan — aýdym hem mukam» atly bäsleşik geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesiniň guran bu çäresi Hasyl toýuna bagyşlandy. Oňa Türkmenabat şäher häkimliginiň 1-nji we 2-nji hünär tehniki okuw mekdebiniň, Türkmenabadyň Derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyplary gatnaşdylar diýip, Jeyhun.news ýazdy.

Onda talyplar tagam taýýarlanylanda, tehniki howpsuzlygy berjaý etmek, saçagy bezemek boýunça ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Çäräniň dowamynda talyplaryň taýýarlan tagamlarynyň sergisi hem guraldy.

Bäsleşigiň jemi boýunça Türkmenabat şäher häkimliginiň 2-nji hünär tehniki okuw mekdebiniň topary birinji, Türkmenabadyň Derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň topary ikinji, Türkmenabat şäher häkimliginiň 1-nji hünär tehniki okuw mekdebiniň topary üçünji orunlara mynasyp boldular.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň