Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň 21-nji maslahaty geçirildi

22:3712.11.2022
0
25223
Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň 21-nji maslahaty geçirildi
Surat: turkmenistan.gov.tm

Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň 21-nji maslahaty geçirildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Maslahatyň gün tertibinde «Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna hem-de «Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda» Kararyň taslamasyna garaldy.

Maslahata Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Maslahatyň dowamynda parlamentariler ýurduň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda gazanylan üstünlikleri, 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny düzmegiň esasy çemeleşmelerini we ýörelgelerini, onuň girdeji bölegini döretmegiň aýratynlyklaryny we beýlekileri ara alyp maslahatlaşdylar.

Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanynyň tekliplerine laýyklykda, 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasynda pul serişdeleriniň 70 göterimden gowragyny durmuş ulgamyny, hususan-da, bilimi, saglygy goraýşy, medeniýeti, döwlet durmuş üpjünçilik ulgamyny, ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyny, umumy häsiýetli döwlet hyzmatlaryny ösdürmäge gönükdirmek göz öňünde tutulýar. Geljek ýyl maýa goýumlarynyň belli bir möçberlerini ýaşaýyş jaýlaryny hem-de önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalary gurmaga gönükdirmek göz öňünde tutulýar.

Maslahatyň dowamynda geljek ýyl üçin esasy maliýe hukuk resminamasynyň taslamasynda göz öňünde tutulan ýerli býujetleriň görkezijilerine garaldy.

Deputatlar «Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasynyň kabul edilmegine biragyzdan ses berdiler. Olaryň gelen netijesine görä, bu resminama düýpli hasaplamalara esaslanandyr, döwletiň we jemgyýetiň serişde kuwwaty bilen berkidilendir hem-de onuň halkyň bähbitlerine, durmuş abadançylygyna hyzmat etjekdigi gürrüňsizdir.

Şeýle-de maslahatda «Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda» Mejlisiň karary biragyzdan kabul edildi.

* * *

Soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisinde Halk Maslahatynyň agzalarynyň we deputatlaryň gatnaşmagynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherine amala aşyran saparyna bagyşlanan maslahat geçirildi. Onda çykyş edenler Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygyna Samarkantda Türki dünýäniň ýokary ordeniniň gowşurylmagy mynasybetli gutlaglaryny we ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň