Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Hasyl toýy bellenildi

22:0413.11.2022
0
17930

Şu gün Aşgabat şäherindäki «Mekan» köşgünde, şeýle-de welaýatlarda Hasyl toýy mynasybetli dabaralar geçirildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

«Mekan» köşgüniň öňündäki meýdançada guralan baýramçylyk çärelerine Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, jemgyýetçlik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýurduň telekeçileri, şeýle hem daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň işgärleri gatnaşdylar.

Ýurduň obasenagat toplumynyň işgärleriniň adyndan Prezident Serdar Berdimuhamedowa sowgat hökmünde berilýän Ganatly atly ahalteke bedewiniň görkezilmegi baýramçylyk dabaralarynyň möhüm wakasy boldy. Ady rowaýata öwrülen meşhur Garlawajyň nesil ugruna degişli ikiýaşar bu bedew Meleguşuň we Durmuşyň neslindendir.

«Mekan» köşgüniň ýanynda ýurduň obasenagat toplumynda gazanylanlara bagyşlanan sergi guraldy. Milli gymmatlyklaryň hem-de amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi bolsa «Mekan» köşgüniň ikinji gatynda guraldy. Binanyň mejlisler zalynyň sahnasynda baýramçylyk mynasybetli ýurduň sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlary boldy.

Günüň ikinji ýarymynda dabaralar Oba hojalyk toplumynyň edara binasynyň mejlisler zalynda dowam etdi. Bu ýerde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda ýetilen sepgitler we möhüm wezipeler» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa ugurdaş edaralaryň hünärmenleri, Agrar partiýanyň, hojalyk jemgyýetleriniň wekilleri we telekeçiler, alymlar, bu ugur boýunça bilermenler, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Ylmy-amaly maslahatda ýurduň oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmeler, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek, ylmyň gazananlaryny hem-de seçgiçiligi peýdalanmak ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahata gatnaşyjylar Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Hasyl toýy mynasybetli, ýurduň welaýatlarynda, etraplarynda, oba-şäherlerinde hem dabaraly duşuşyklar, oba hojalyk pudagynyň öňdebaryjylaryny sarpalamak çäreleri, konsertler, sport ýaryşlary we beýleki medeni-köpçülik çäreleri guraldy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda şu ýyl oba zähmetkeşleriniň uly üstünliklerine beslendi. Ýurtda pagtanyň bol hasyly ýygnalyp alyndy. Türkmen gallaçylary azyklyk bugdaý hasylyny ýygnamak boýunça döwlet buýurmasyny üstünlikli berjaý edip, 1 million 500 müň tonna golaý bugdaýy Watan harmanyna tabşyrdylar. Gök, miwe we bakja önümleriniň hem bol hasyly ýygnalyp alyndy. Hasyl baýramynyň öň ýanynda Balkan welaýatynyň pagtaçylary pagta, Daşoguz welaýatynyň ekerançylary bolsa şaly ýygnamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler.

Ýylyň başyndan bäri obasenagat toplumy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişi döwri bilen deňeşdirilende, 103,8 göterime deň boldy. Gök önümleri öndürmek boýunça meýilnama 118 göterim, bakja ekinleri boýunça 110,1 göterim, çörek we çörek önümleri boýunça meýilnama 105,3 göterim berjaý edildi.

Şu ýyl ýurduň ýüpekçileri döwlet harmanyna 2 müň 300 tonnadan gowrak pile tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň