Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly türgenler dünýä çempionatynyň üçünji gününde üç medala mynasyp boldular

19:0013.11.2022
0
30315

Ozal habar berşimiz ýaly, 11-13-nji noýabr aralygynda Gyrgyzystanyň Bişkek şäherinde sambo boýunça dünýä çempionaty geçirildi. Ýaryşyň üçünji gününde Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň türgenleri ýene-de 3 medala eýelik etdiler. Has takygy, 79 kilograma çenli agram derejede göreşen Begenç Baltaýew kümüş medala mynasyp boldy. Şeýle-de 98 kilograma çenli agram derejede Guwanç Begalyýew hormat münberiniň üçünji basgançagyndan ýer almagy başardy.

Söweş sambosy boýunça geçirilen bäsleşikde türkmenistanly türgen Babajan Ibadullaýew üstünlikli gatnaşyp, bürünç medaly eýelemegiň hötdesinden geldi.

Ýeri gelende bellesek, mundan ozal bäsleşigiň ikinji gününde nusgawy sambo boýunça Kakageldi Ýegenbaýewiň (71 kg çenli) hem-de Batyr Hojamuhammedowyň (98 kg ýokary) bürünç medala, Muhammet Kössekowyň (64 kg çenli) bolsa altyn medala mynasyp bolandygyny habar beripdik.
Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde geçirilen sambo boýunça dünýä çempionatyna 50-den gowrak ýurduň wekilleri gatnaşdylar. Çempionatyň netijelerine görä, 21 agram derejesinde ýeňijiler kesgitlenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň