Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda 7 etrap ýatyryldy, 5 şäheriň hukuk derejesi üýtgedildi, Serdar şäherine taryhy Gyzylarbat ady gaýtarylyp berildi we beýleki habarlar

11:0012.11.2022
2
51488

1. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda 7 etraby ýatyrdy.

Mundan başga-da, 5 şäheriň hukuk derejesi üýtgedildi – Tejen etrapdaky şäher derejesine degişli edildi we Tejen etrabynyň düzümine geçirildi, Gumdag we Hazar şäherleri şäherçe boldular hem-de Balkanabat şäheriniň dolandyryş tabynlygyna berildiler. Daşoguz welaýatynda Köneürgenç şäheri etrapdaky şäher derejesine degişli edildi we Köneürgenç etrabynyň düzümine geçirildi.

Balkan welaýatynyň Serdar etrabyna we Serdar şäherine ozalky Gyzylarbat ady gaýtarylyp berildi. Şol Karara laýyklykda, Gyzylarbat şäheri etrapdaky şäher derejesine degişli edildi we Gyzylarbat etrabynyň düzümine geçirildi.

2. Türkmenistanyň Prezidenti döwlet emlägini bäsleşik esasynda ynançly dolandyrmaga bermegiň Tertibini tassyklady. Karara anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde gol çekildi. Resminama Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek we ýurduň ykdysadyýetine maýa goýumlary çekmek maksady bilen gol çekildi.

3. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň sahnasynda «Wah, siz aýallar!» atly gülküli spektaklyň ilkinji görkezilişi geçiriler. Taňryberdi Hojakgaýewiň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan oýunda iki maşgalanyň mysalynda är-aýalyň özara gatnaşyklaryny synlamak bolýar. Gahrymanlar hemişe biri-birlerine garşy çykmak bilen, gülküli ýagdaýlary döredýärler. Spektaklyň görkezilişi şu gün, 12-nji noýabrda, ýerli wagt bilen sagat 19:00-da başlanar.

4. Telekommunikasiýalar we maglumat ulgamlary pudagyndaky öňdebaryjy hytaý kompaniýasy «Huawei» Aşgabatda geçirilen «Türkmentel – 2022» atly halkara sergisine öz işleri bilen gatnaşdy. «Huawei» kompaniýasynyň Türkmenistandaky Baş direktorynyň bellemegine görä, häzirki wagtda kompaniýa 4G mobil aragatnaşygy hyzmatyny bermek bilen meşgullanýar, emma ýakyn geljekde 5G aragatnaşygyny girizmek meýilleşdirilýär.

5. Beýik Britaniýada Rubigiň kubigini tiz wagtda düzmek boýunça nobatdaky rekord goýuldy. Ýurduň ýaşaýjysy Jorj Şoli bir günüň dowamynda 6931 kubigi düzdi. Şoli olaryň birini düzmek üçin, ortaça, 12 sekund sarp etdi. Rekord marafony bir gün dowam etdi. Rekordsmen bu wakany «YouTube» boýunça göni ýaýlymda köpçülige ýetirdi, ol hatda uky we iýmit üçin hem arakesme almady.

6. Özbegistanda 2023-nji ýyldan başlap, syýahatçylar üçin synag maksatly «Tax Free» – goşulan baha üçin salgydy yzyna gaýtarmak mümkinçiligi peýda bolar. Ony Daşkendiň, Samarkandyň, Buharanyň, Fergananyň we Ürgenjiň halkara howa menzillerinde resmileşdirip bolar. Salgydy ýurtdan çykylanda söwda edilen gününden 3 aýyň dowamynda yzyna gaýtaryp bolar, söwdanyň umumy möçberi bolsa 1 mln sumdan az bolmaly däldir.

7. 2022-nji ýylyň 5-16-njy dekabry aralygynda Kolumbiýada geçiriljek agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna gatnaşjak Türkmenistanyň ýygyndysynyň deslapky (başlangyç) düzümi mälim edildi. Erkekler toparynyň düzüminde Raşidow, Meredow, Rejepow, Şöhradow, Mätýakubow, Hasanbaýew we Toýçyýew bolar. Zenanlar toparynyň düzümine bolsa Medine Amanowa we Anamjan Rustamowa girdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň