TÝL ― 2022: Goçnazarow çempionatda ýubileý pökgüsini geçirdi

11:0630.09.2022
0
14814

«Merwiň» futbolçysy Toýly Goçnazarow Ýokary ligadaky ýubileý goluny geçirdi. 11-nji tapgyryň çäginde 6:2 hasabynda tamamlanan «Merw» ― «Nebitçi» duşuşygyndaky ilkinji goly öz adyna ýazdyran futbolçy çempionatdaky gollarynyň sanyny 30-a tegeledi.

Toýly Goçnazarow bu gollaryň ählisini hem «Merw» futbol toparynda geçirdi. Ol bu netije bilen Ýokary ligada 2012-nji ýyldan bäri iň kän tapawutlanan futbolçylaryň sanawynda 34-nji orna beýgeldi.

Sanawyň ilkinji üçlüginde 142 golly Süleýman Muhadowyň, 129 golly Myrat Ýagşyýewiň we 125 golly Altymyrat Annadurdyýewiň bardygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň